Aktual Analiz

Referendum Demokratiýa Üçin Gazanylan Ýeňiş

Aktual Analiz

Türkiýe aprel aýynyň dowamynda referendum geçirdi we 85 göterime barabar rekord gatnaşyk bilen prezident dolanşygy ulgamynyň kanul edilmegi bilen birlikde Konstitutsion özgertme teklibi 51,4 göterim ses bilen kabul edildi. Bu referendumy adatdan daşary ýagdaýa getirýän zat, Türkiýäniň döwrebap taryhynda ilkinji gezek ýurduň halk tarapyndan haýsy ulgam bilen dolandyryljakdygyna karar berilmegi.

2019-njy ýylyň noýabr aýynda güýje girjek täze dolanşyk ulgamy ejiz koalision hökümetlerini ortadan aýyryp, Türkiýäniň demokratiýasyny has-da güýçlendirip, güýçleriň özygtyýarlylygyny hasam berçinleşdirer. 1960-njy ýyldan bäri azyndan 4 hökümet harby goşun tarapyndan agdaryldy. Harby dolanşyklar tarapyndan düzülen parlamentar ulgamda gysga ömürli koalision hökümetler syýasat arenasyny böleklere bölüp, ykdysadyýeti we syýasy guramalary ejizledip, harby  agdarlyşyklara şert döredýärdi.

Täze prezident ulgamy bilen birlikde prezidentler dolanşygyň başynda bolar we häkimiýetiň başyna gelmek üçin halkyň esasy köplüginiň goldawyny almaly bolar. Ulgam bolsa huntaçylaryň saýlanan ýolbaşçylaryň hukuklaryny basgylamagynyň öňüni alar. Täze ulgam dolanşygyň ygtyýarlaryny giňeldip, Mejlisede uly ygtyýar berýär. Taryhda ilkinji gezek halk deputatlary prezidentleriň işlerini derňäp biler we prezidenti iş başyndan çetleşdirmek üçin möhletinden irki saýlawyň geçirilmegini talap edip biler. Başga bir söz bilen aýdylanda Türkiýäniň täze höklümet ulgamy prezidentiň ygtyýarlaryny çäklendirýän mehanizmleri hem özünde jemleýär.

Soňky günlerde sesleriň berilmegi barada köp sanly myş-myşlar döredi. Ýene-de bir gezek ýeňilen oppozision partiýa elinde hiç hili deliliň bolmandygyna garamazdan saýlawyň netijesiniň halkyň ygtyýaryny beýan etmeýäňdigini öňe sürdi we referendumyň gaýtadan geçirilmegi üçin Ýokary saýlaw geňeşine ýüz tutdy. Esasy argumentleri saýlaw okrugynyň işgärleriniň bukjalara möhür basmandygy sebäpli sesleriň güýçsiz bolandygy dogursyndady.

Beýleki tarapdan halkara synçylar türk syýasatynda tarap tutdylar we çap eden habarnamalar garşy kampaniýa alyp baranlar we daşary ýurt metbugaty tarapyndan ferendumda galplygyň delilnamasy hökmünde görkezildi. Halkara synçylaryň Türkiýe we ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde ykrar edilen PKK-nyň baýdaklary bilen aldyran fotosuratlary sosial mediada çykdy.

Bulara garamazdan konstitutsion däbi 19-njy asyryň ortalaryna çenli uzap gidýän Türkiýe güýçli we çydamly demokratiýa tarap aýgyrly ädim ätdi. İndi öňde has çetin ugurlar bar.

Referendumdan ozal Türkiýäniň ÝB bilen gatnaşyklarynyň geljegi bilen bagly soraglar gün tertibine gelipdi. Käbir Ýewropa ýurtlary türk ministrleriniň we konstitutsion özgertmäniň tarapyndan durýan käbir gatlaklaryň türk saýlawçylary bilen duşuşmagyna ýol bermedik bolsa, PKK agzalary bilen birlikde garşy kampaniýa alyp baranlara açyk goldaw berdi. Bularyň ählisi Brýusseliň Türkiýäniň gözündäki abraýyny peseltdi.

Referendumdan bäri bolsa Ýewropadaky käbir aşa sagçy heketler türk raýatlaryna ýurtlaryna dolanmaklary üçin çagyryş edýär. ol hem kontinentiň geljekdäki ugry taýdan soraglary ýüze çykarýar. Ýewropaly liderler özlerine NATO-nyň esasy agzalaryndan biri bolan Türkiýe bilen gatnaşyklaryň geljeginiň nähili boljakdygyny soramaly. Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdoganoň mundan birnäçe wagt ozal beýan edişi ýaly Brýusseliň Türkiýäniň agzalyk tapgyryna içgin çemeleşmegini isleýäris. Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda gol çekişilen bosgunlar baradaky ylalaşykdan soň ýewropaly liderler öz borçlaryny berjaý etmedi. Muňa garamazdan Türkiýe 3 million siriýalyny kabul etdi. Türkiýe milli girdejisinden ynsanperwer kömegine paý bölüp berýän ýurtlaryň sanawynda birinji ýerde durýar.

Beýleki tarapdan türk desant güýçleri Azat Siriýa goşuny bilen utgaşyklykda 2 müň inedördül kilometrlik giňişligi DAİŞ terrorçylaryndan halas etdi. Türk goşuny tarapyndan tälim berilen meýletinler topary bolsa Yragyň MOsul şäherinde DAİŞ-e garşy göreşýär. Ýakyn Gündogara parahatçylygyň we durnuklylygyň ornaşdyrylmagy meselesinde Türkiýäniň uzak möhletli wadalary dostlary üçin ikirjiňsiz hakykatdyr.

Konstitutsion özgertme üçin ses beren türk halky ýurduň ejiz, gysga möhletli we ylalaşyksyz koalision hökümetleri tarapyndan dolandyrylma howpunyň öňüni aldy. Bu sebäpli ýurt 1970-90-njy ýyllaryň aralygynda ykdysady çökgünlikler başdan geçirilipdi.

Her bir ýurt özüne mahsus kynçylyklary başdan geçirer we taryhdan ders alar. Türk halky üçin 20-nji asyryň iň esasy derslerinden biri syýasy durnuklylygyň ösüşiň özenini emele getirýänligi. Millionlarça türk ýurduň geljegini nesiller boýy kepillendirjek özgertme üçin ses berdi.



Degişli Habarlar