Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün tertibi

1915-nji ýyldaky wakalar

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün tertibi

Tas her ýylyň aprel aýynda 1-nji Jahan urşunda Osman imperiýasynda başdan geçirilen wakalar bilen bagly dünýäde dürli neşirler edilýär we beýannamalar berilýär. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda 1915-nji ýyldaky wakalary hukuk taýdan seljermekçi

Atatürk uniwersitetinin Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

 

Tas her ýylyň aprel aýynyň soňky hepdesinde şol bir sahnalara tomaşa edýäris. 1-nji Jahan urşunda Osman imperiýasynda başdan geçirilen wakalar barada dünýäde dürli döwletler, guramalar, adamlar tarapyndan neşirler edilýär, beýannamalar berilýär. Ermeniler ýa-da ermeni tezislerini goldaýanlaryň esasy bölegi taryh disiplinasyna degişli we wakalary genosid hökmünde häsýetlendirýärler. Türkler ýa-da türk tezislerini goldaýanlaryň esasy bölegi meseläni taryhy jähtden seljerýär we Göçürlişik we ýerleşdiriş kanunynyň durmuşa geçirilmeginiň genosid bolmandygyny öňe sürýär.

Uzak ýyllar ozal başdan geçirilen wakalara düşünmek üçin taryhy perspektiwa möhüm. Emma “genosid” adalgasy halkara hukuga degişli. Şeýlelikde taryh disiplinasyna degişli adamlaryň ýa-da syýasatçylaryň mesele barada pikir ýöretmegi meseläniň analizinde käbir säwlikleriň edilmegine sebäp bolýar. Mesele barada beýannama berýänler öz garaýyşlaryna görä dürli mukdarlarda ölüm-ýitim bilen gutaran wakalary genosid hökmünde häsýetlendirýär. Eýsem, genosid halkara jenahat hökmünde diňe hukuk tarapyndan kesgitlenip bilner. Genosid baradaky ilkinji düzgünnama BMG-niň 260 belgili kararyna laýyklykda 1948-nji ýylda Genosid jenaýatynyň öňüniň alynmagy we onuň jezalandyrylmagy baradaky konwensiýanyň kabul edilmegi bilen ýüze çykdy.

Ermeniler Osman imperiýasynyň çäginde ilki awtanomiýa soň garaşsyz döwlet gurmak üçin syýasy we ýaragly göreş alyp bardylar. Şeýlelikde syýasy topar häsýetindedir. Şol sebäpli degişli konwensiýanyň ikinji maddasy bilen goralýan dört topara degişli däl. Döwrüň Osman hökümetinde bolsa Konwensiýanyň ikinji maddasynda beýan edilýän ýok etme niýetiniň bardygy hakynda ygtyýar ýok. Ýök etmek niýetini subut etjek ýazmaça we dilden ýazylyp alynan resminamalaryň bolmaýşy ýaly ähli resminamalar ermenileriň goralmagyny we arkanyş ornaşdyrylmaklaryny nazarda tutýar. Ölen ermenileriň sany genosidiň edilmegini subut etmekden iňňän daşda. Ermenilerden pida bolanlaryň esasy böleginiň Göçürlişik we ýerleşdiriş kanunynyň ýerine ýetirlişinden daşgary sebäplerdendigi bilinýän hakykatr. Şol sebäpli Göçürlişik we ýerleşdiriş kanuny; Konwensiýanyň 2/j maddasyna görä gizlin ýa-da aýlawly genosid däl.

Şol şertlerde Göçürlişik we ýerleşdiriş kanuny Konwensiýa görä genosid däl. Göçürlişik we ýerleşdiriş kanuny hukuk taýdan “adamzada garşy jenaýat” kategoriýasyna degişli däl. Çünki Göçürlişik we ýerleşdiriş kanunyny ýerine ýetirilýärkä Rim derejesiniň 7-nji maddasynda kabul edilýän şertler amala aşmady. Ýagny ermeni ilata garşy döwletiň göz öňünde tutan meýilnamasyna laýyklykda “giň gerimli we yzgiderli hüjümiň bir bölegi hökmünde” adamzada garşy jenaýat hasaplanylýan etmişleriň esasy böleginiň amala aşmagy ýaly şertler ýüze çykmady. Göçürlişik we ýerleşdiriş kanuny ermenleriň güýç bilen göçürilmegini nazarda tutmady. Ermenilere garşy dini ýa-da başga sebäplerden gyrgynçylyk edilmedi. Göçürlişik we ýerleşdiriş harby howpsyzlyk sebäpli edildi. Mundan daşgary ermenileriň basyp alyjy rus goşunlary bilen birleşip, türklere we musulmanlara garşy gyrgynçylyk derejesinde etniki saplaýyş etmeginiň öňüni almagy nazarda tutdy.

Uruş şertlerinde sebitde ýüze çykan awtoritar boşlukdan sebitdäki käbir garakçy toparlarynyň peýdalanandygy mälim. Sebitdäki garakçy toparlar öz maksatlary üçin göçüp barýan ermenilere hüjüm etdi, öldürdi we emlägini talady. Üç hepde söweşen Osman imperiýasy elindäki çäkli jandarm güýçleri bilen käte ermenileri gorap bilmedi. Şeýle şertlerde azyk ýetmezçiligi, derman ýetmezçiligi we hassalyk sebäpli göçmäge mejbur edilen türkleriň çeken ýitgisiniň ermenilerden köp bolmagy hem Göçürlişik we ýerleşdiriş kanunynda aýlawly ýollardan ýok etme maksadynyň bolmandygyny görkezýär. Şeýle-de döwlet derejesinde islenmeýän wakalar sebäpli puşmanlygyň we hüjümçilere garşy gahar-gazabyň ýüze çykandygy mälim. Şeýlelikde talamak we adam öldürmek ýaly etmişleri edenler jenaýat işine çekildi we şolaryň esasy bölegi ölüm jezasyna höküm edildi.

Mesele biziň döwrümizde taryhy we hukuky waka däl, eýsem syýasy hadysa öwrüldi. Şu günki günde Halkara syýasatda Türkiýäniň güýçlenmeginden biynjalyk bolýan, Türkiýäni garşydaş hökmünde kabul edýän we Türkiýäniň alyp barýan daşary syýasatyny özüne howp hökmünde kabul edýän döwletler bu meseläni Türkiýä garşy serişde hökmünde elinde tutmak isleýär. Meseläniň her ýyl gün tertibine getirilmeginiň aňyrsynda durýan esasy sebäp şundan ybaratdyr.



Degişli Habarlar