Türk Dünýäsinden Habarlar

Bu hepde biz siziň dykgatyňyza Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlary ýetirmekçi

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Türkmenistandan.

Türkiýe we Türkmenistan gatnaşyklarynyň 25 ýyllygy mynasybetli konferensiýa geçirildi.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde iki ýurdyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi.

Doganlyk ýurt Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy mynasybetli Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde geçiren konferensiýasynda Türkmenistan-Türkiýe gatnaşyklarynyň taryhy geçmişi we şu güni ara alynyp maslahatlaşyldy, edilmeli işler orta atyldy.

Konferensiýadan ozal Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Mustafa Kapuju we Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklar institutynyň rektory Baba Zahirow tarapyndan iki ýurdyň gatnaşyklaryny özünde jemleýän surat sergisiniň açylyşyny etdiler.

Konferensiýa Ýakyn Gündogar tehniki uniwersitediniň mugallymy Prof.Dr. Oktaý Tanrysewer, Gazi uniwersitediniň mugallymy Dos. Dr. Bekir Tümen Somunjuogly, Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklar institudynyň mugallymlary Altyn Mahtumowa we Goçmyrat Ataýew çykyş etdiler.

Çykyş edenler türkmen we türk halklarynyň arasyndaky doganlyk esasly umumy medeniýete ünsleri çekdiler. Türkmenistandaky maýa goýumlarda we Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dowam etdirilýän gurluşyk işlerindäki türk kärhanalarynyň edýän işleriniň üstünde durup geçen mugallymlar TIKA-nyň ykdysady, bilim we medeniýet ugurlarynda durmuşa geçiren taslamalaryny hem öwdüler.

Konferensiýa Aşgabatdaky daşary ýurt guramalaryň wekilleri, Halkara gatnaşyklar institudynyň we Gumanitar bilimler uniwersitediniň mugallymlary we talyplary bilen Türkmenistanda ýaşaýan türk raýatlar we Aşgabatdaky Türk Anadoly liseýiniň okuwçylary gatnaşdylar.

Konferensiýanyň açylyşynda çykyş eden ilçi Mustafa Kapuju 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden we edil yz ýanyndan ýagny 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan we paýtagt Aşgabatda ilçihana açan ilkinji ýurdyň Türkiýe Respublikasy bolandygyna ünsleri çekdi.

 

Gadymy Ýüpek ýoly medeni syýahatçylyk bilen janlandyrylar. Türki dilli ýurtlaryň Hyzmatdaşlyk geňeşi (Türk Konseyi) tarapyndan Gadymy Ýüpek ýolunyň medeniýet we syýahatçylyga açylmagy üçin taýarlanan turpaket Türki dilli ýurtlaryň Hyzmatdaşlyk geňeşinde giňişleýin tanyşdyryldy.

Türki dilli ýurtlaryň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Ramil Hasanow geçirilen metbugat ýygnagynda medeniýet syýahatçylygy babatynda alternatiwa gözleýänler üçin ýörite turpaket taýarlandyklaryny, taslamany durmuşa geçirmek üçin 3 ýyl üstünde işländiklerini mälim etdi.

Hasanow Türki dilli ýurtlaryň Hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlar bolan Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan we Gyrgyzystan ýaly ýurtlaryň taslama Prezident derejesinde goldaw berendiklerini, özleriniň hem 3 ýyllyk syýasy taýdan goldaw berjekdiklerini, şol wagta çenli maksatlarynyň syýahatçylaryň sanyny 1 milliona ýetirmekdigini habar berdi.

Ýüpek ýoly bilen baglanşykly dürli-dürli taslamalaryň durmuşa geçirilendigini ýatladan Hasanow: “Emma bu taslama syýahatçylyk ugrunda 4 ýurdyň jemlenip durmuşa geçiren ilkinjisi. Ýewropadan we Uzak Gündogar ýurtlaryndan syýahatçylaryň gelmegine garaşýarys. Şüweleňli geçmegini garaşýan bu turpakediň gyzykly geçjekdigine ynanýarys” diýdi.

Medeniýet we söwda syýahatçylygy ugrunda sebitde uly bir boşlugyň bardygyny nygtan Hasanow Türkiýe Respublikasy Tanyşdyrylyş gaznasy we Türk howa ýollarynyň hemaýatkärliginde durmuşa geçiriljek taslamanyň doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary has hem berkitjekdigine ynanýandyklaryny belledi.

Hasanow syýahada ilkinji nobatda žurnalistleriň, syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň we ylmy işgärleriň çykjakdygyny aýdyp: “Olary ilkinji nobatda syýahada ibermegmiziň sebäbi tankydy belliklerini bize ýetirmekleri. Şondan soň biz kemçilikleri bilip çäre görmek isleýäris we olary düzeltmek isleýäris” diýdi.

14 gün hökmünde meýilleşdirilýän Döwrebap Ýüpek ýoly turpakedinde taryhy Ýüpek ýolunyň geçen şäherlerine syýahat ediler. Syýahat Türkiýeden Kaýseri, Newşehir, Konýa we Stambul, Azerbaýjandan Genje, Şeki, Şamahly we Baku, Gazagystandan Almata, Çimkent, Türkistan, Otrar we Talas bilen Gyrgyzystandan Balasagun, Narin, Çolbanata, Yssyk Köl we Bişkek şäherlerini öz içine alýar.

 

Nobatda Gazagystandan gelip gowuşan habarymyz bar. Gazagystan latyn elipbiýine geçmäge taýarlanýar.

Gazagystanyň Prezidenti Nazarbaýew ýurdunyň 2025-nji ýyla çenli latyn elipbiýine geçjekdigini belledi.

Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew Özygtyýar Gazagystan gazedinde çap edilen makalasynda “2025-nji ýyla çenli ähli resminamalarda latyn elipbiýine geçilmeli, okuw kitaplary latyn elipbiýinde çap edilmeli. Bu barha golaýlap gelýär we biz wagt ýitirmän bu işe girişmegimiz möhüm” diýdi.

Nazarbaýew hökümete şu ýylyň ahyryna çenli Gazak latyn elipbiýiniň düzülmegi üçin buýryk berendigini mälim etdi.

Prezident Nazarbaýew 2018-nji ýyldan başlap täze latyn elipbiýini öwretjek hünärmenleriň taýarlanmagy we okuw kitaplarynyň latyn elipbiýinde ýazylmagy üçin taýarlyklaryň başlanmagynyň gerekdigine ünsi çekdi.

Gazagystan 1929-njy ýyldan 1940-njy ýyla çenli Gazak latyn elipbiýini ulandy, ondan soň bolsa Kirillisa geçipdi.



Degişli Habarlar