Dost-Doganlygyň Taryhy

Hüsameddin Çelebiniň döredijilik ýoly

Dost-Doganlygyň Taryhy

Hüsamettin Çelebi, öz wagtynda Konýa göçüp gelen, zamanasynyň barly we meşhur maşgalasynyň çagasydyr we 1225–nji ýylda Konýada eneden dogulýar.

Onyň görüm–göreldeli, terbiýeli, akly goýalşan adam manysy bolan „çelebi“ lakamyny Möwlana dakypdyr.

Ýaş wagtynda, Ahylaryň sarpa goýulýän şyhlarynyň biri bolan kakasy aradan çykandan soňra, Hüsamettin Çelebi, şol döwrüň iň sarpa gowulýän abraýly adamlarynyň we şyhlarynyň alada edýändigine we ony hemaýatlary astynda tutýandyklaryna garamazdan, bar bolan hyzmatkärleri we dostlary bilen birlikde, Möwlananyň hyzmatynda gaýym durmagy makul bilipdir. Şeýlelik bilen Möwlandan alan terbiýesi bilen ösüp–ulalypdyr, kämil adam bolup ýetişipdir.  

Muňa mysal hökmünde, Möwlana, olaryň umumy eseri hasaplanýan we bu eseri ýazmaklygyň pikirini orta atan Hüsamettin Çelebi hakynda „Manyly mesnewiler“ („Mesnewi Manewi“) atly eseriniň sözbaşynda şeýle ýazypdyr:

Hüsamettin Çelebi, aryplaryň içinde iň başarnyklysy, hakyky dine akyl ýetiren we oňa göwün beren ymam, kalby we akly bilen eýe çykanlaryň iň ynamdary, ejizleriň ymdadyna ýetişen kämil şyh we sopylaryň mürşididir.  

Hüsamettin Çelebi, mahluklaryň arasyndan, bize, Alla tarapyn bagyşlanlaryň biridir. Adamlaryň arasyndaky, Allanyň saýlap–seçenidir. Allanyň, ýerdäki wekiline, iň hormata mynasyp görülmeli şahsyýet hökmünde maslahat beren adamy.

Hüsamettin Çelebi, arşda bar bolan hazynalaryň açary, ýer ýüzündäki hazynalaryň emini, iň ýokary derejedäki päk ahlagyň çür depesine çykan we arşdaky ahlaga eýe bolan Ahy türkiniň ogly diýip aýdyp biljegimiz, hakyň we diniň ýiti gylyjydyr.

Hüsametdin Çelebi öz döwrüniň Beýazydy, zamanasynyň Jüneýdi, beren sözüni tutýan adamyň ogly, sözüniň eýesi ýigitdir. Alla ondan, onyň ata–babasyndan hem müňde bir razy bolsyn.

Hüsamettin Çelebiniň aňyrsyna seredeniňde onyň ata–babasy Urmiýelidir. „Kürt bolup ýatdym, arap bolup oýandym“ diýen, täleýi belent bolan Şyh Ebul Wefanyň neslinden. Biribar ony hem, onuň nesliniň hem ýatan ýerini ýagty, ruhlaryny şat etsin. Görüň bakyň, neneňsi görelde alarlyk öten–geçenleriň neslinden bolan mirasdüşer. Hüsamettin Çelebiniň görelde alarlyk nesli bar welin, gün hem öz donyny oňa serpaý salypdyr, şeýle asylly nesilden bolany üçin ýyldyzlar hem nurlaryny oňuň üstüne saçypdyr.

Ynha şonuň üçin hem, Möwlana, Hüsamettin Çelebiniň bolan ýerinde, onuň bilen bile gatnaşan mejlislerinde, özüni arkaýyn duýup, dillerinden dürler döküpdir, joşyp, dürli manyly we mazmunly sözler saçyp, hakykat hakyndaky ylymlar barada söz açypdyr.

Hut şonuň üçin hem yslam dininiň syrly dünýäsiniň waspyny ýetirýän edebiýatyň iň kämil didaktiki şaeseri hasaplanýan „Manyly mesnewileri“ Hüsametdin Çelebi, Möwlananyň tükeniksiz hazyna meňzeýän ruhundan çekip çykarypdyr.

Kyrk ýyllap, ak ýürekden, Möwlananyň hyzmatynda duran, onyň söhbetlerine gatnaşan Sipehsalar, özüniň ýazan ýan kitabynda ýagny risalesinde, Hüsamettin Çelebä aşakdaky ýaly baha beripdir:

„Hakykata seredilen halatynda, bilimhon (Hüdawendigär) hezretlerimiziň eserleriniň döremeginde esasy orun tutýan Hüsammettin Çelebidir we ähli „Mukaddes mesnewiler“ onuň haýyşy bilen ýazylandyr. Ýeke–täk Alla ynanýan we onuň yşgyna düşüp göwün beren adamlaryň ählisi, özlerine bagyşlanan Mesnewiniň diňe ýazylmagy babatynda, kyýamata çenli, Hüsamettin Çelebä sagbolsun aýtsalar hem, şonda–da oňa bolan minnetdarlyk bergilerini üzüp bilmezler.“

Edil şonuň ýaly Eflaki hem Mesnewiniň nähili ýazylyp gutarylandygyny düşündirýän bölüminde şeýle ýazýar:

Möwlana hezretleri, asylly ynsanlaryň soltany, Hüsamettin Çelebiniň özüne çekijiligine maýyl bolup, ruhubelentlik halynda eken Sema edende, hammamda otyran wagty, dik durka, arkaýyn duranda we hereket edende, hemişe mesnewileri aýtmagyny goýmandyr. Kä halatlarda şeýle bir ýagdaýa hem raslamak mümkindi: agşamdan başlap gün agarýança, yzly yzyna mesnewilerini aýdypdyr. Hüsamettin Çelebi bolsa ol näçe tiz aýtsa, şol tizlikde hem olary ýazypdyr we ýazandan soňra olaryň ählisini gaty ses bilen Möwlana okap beripdir. Her jilt tamamlanan wagty bolsa, Hüsamettin Çelebi, beýtleri täzeden gözden geçirip, gerekli düzeldişleri girizenden soň täzeden okapdyr.“

Şeýle ýagdaýda, gaty üns berilip 1259–1261 ýyllaryň arasynda ýazylmaga başlanan „Mesnewi“, 1264–1268 ýyllaryň arasynda tamamlanypdyr.

Möwlananyň, Hüsamettin Çelebi bilen geçiren söhbet günlerinden galan, iň oňat we iň möhümleri hasaplanýan ýädigärligi bolan „Manyly mesnewileriň“ ýazylmagy şeýle ýagdaýda orta çykypdyr we ýazuwa geçirilipdir.  

Möwlana bu dünýäden bakyýete göç edensoň, Hüsamettin Çelebi ýedi gün ýasyny tutyp, ähli müritlerini özi bilen alyp, Soltan Welediň ýanyna barypdyr, gürrüňdeşlikden we hezzet–hormatdan soňra arzyny aýdyp şeýle diýipdir:

Mundan beýläk kakaň ýerinde oturmagyňy, müritlerine dogry ýoly görkezmegiňi, hakyky şyh bolmagyňy we mesnewiniň stirlerindäki gizli syrlary adamlaryň arasynda ýaýmagyňy haýyş edýärin. Men bolsa seniň atyň üzeňňisinden ýapyşyp, eýeriň ýonasyny göterip saňa gullyk edeýin diýipdir.

Soltan Welet bolsa uzak wagtlap aglapdyr we göwni şat bolup şeýle diýipdir:

„Sopa hyrka, ýetime sungat ýaraşar. Siz kakamyň döwründe hem onyň kesbini dowam etdirijidiňiz we ýoldaşlaryň ýolbaşçysydyňyz, häzir hem onuň mirasdüşeri we biziň ulymyz, häzir hem şol bilimhonyň ýadygäri. Soltanyňyzyň size wesýeti onuň ýerini doldurmak we mirasyna eýe çykmagyňyz“ diýipdir.



Degişli Habarlar