Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün tertibi

Türkiýäniň referendumynyň we onuň netijeleriniň analizi

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün tertibi

Konstitutsiýanyň we dolanşygyň iki ugurlylygy Türkiýede uzak ýyllardan bäri jedelleşilen esasy ugurlardan biri bolup geldi. Türkiýe bu mesele boýunça 16-njy aprelde referendum geçirdi. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Türkiýäniň referendumyny we onuň netijelerini analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetinin Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

 

Türkiýe bir tarapdan DAİŞ-PKK-FETÖ ýaly terror guramalaryna garşy göreşýän bolsa, beýleki tarapdan-da 15-nji iýulda başdan geçirilen hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygynda çekilen ýitgileriň öwezini dolmaga synanşýar. 15-nji iýuly ýüze çykaran howplar entegem dowam edýär. Bu şertlerde Türkiýe Respublikasynyň dolanşyk ulgamyny ýeňilleşdirmek üçin Adalat we ösüş partiýasy bilen Milletçi hereket partiýasy konstitutsion özgertme taslamasyny taýarladylar. Şol özgertmeler 16-njy aprelde türk milletiniň garamagyna hödürlendi. Referendumde konstitutsion özgertme 51,4 göterim bilen kabul edildi.

Türkiýe Respublikasynda häzirki wagtda güýjüni saklaýan 1982-nji ýylda kabul edilen konstitutsiýa esasanda prezidentiň ygtyýarlary we borçlary taýdan adaty parlamentar ulgamy kadalaryna bap gelmeýär. 1982-nji ýylda kabul edilen konstitutsiýanyň düzümindäki agdarlyşyk ruhy şu günki güne çenli edilen 18 özgertmä garamazdan doly saplanmady. 2014-nji ýylda prezidentiň ilkinji gezek halk tarapyndan saýlanmagy sebäpli ulgamdaky çykgynsyzlyk çuňlaşdy. Ygtyýar we borç paradoksy ulgam çykgynsyzlygyny emele getirdi.

1980-nji ýylyň 12-nji sentýabryndaky harby agdarlyşyk bilen başlan; 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygyna çenli dowam eden tapgyr, konstitutsion normalaryň, borçlaryň we ygtyýarlyklaryň doly kesgitlenmegi üçin düýpli özgertmäniň edilmegini mejbury ýagdaýa getirdi.

Adalat we ösüş partiýasy bilen Milletçi hereket partiýasynyň ýaýarlan we referendumda kabul edilen konstitution özgertmäniň mazmuny şeýle;

Konstitutsion özgertme bilen hökmet ulgamynda özgertme edilýär. Dolanşykda iki ugurlylyk ortadan aýrylar. Dolanşyk ygtyýary prezidentine degişli bolar.

Kanun çykaryş ygtyýary Mejlise berilýär. Hökümetiň kanuny taslamalary bilen kanun çykaryjy organda höküm sürmeginiň öňi alynýar. Kanun çykaryş we dolanşyk dolulygyna biri-birinden aýrylýar. Güýçleriň özbaşdaklygy çürt-kesik kesgitlenýär.

Prezidentiň hukuky taýdan el degirilmesizligi ortadan aýrylýar. Diňe watana dönüklik däl, ähli işlerinde syýasy we kanuny taýdan borçlary bar.

Kanuny çykaryjy we dolandyryjy organyň özbaşdaklygy bilen Türkiýäniň raýatlary iki saýlawda berjek sesleri bilen dolanşygy gönüden saýlar.

Hökümeti emele getirýän syýasy partiýa bilen kanun çykaryjy organda esasy köplügi eýeleýän syýasy partiýanyň bir bolma mejburlygy ortadan aýrylýar. Prezidentiň syýasy partiýasy bilen gatnaşygynyň kesilmegi baradaky düzgün aýrylýar. Saýlanma ýaşy 18-e düşürilýär. Şeýlelikde türk ýaşlarynyň syýasata işjeň gatnaşmagyna şert döredilýär. Mejlisiň deputatlarynyň sany 600-e ýetiriler.

Prezidentiň permanlary kanuny güýje eýe bolmaz. Permanlar kanun bilen kesgitlenen ugurlara degişli bolmaz. Mejlis şol ugur boýunça kanun çykaran halatynda güýjüni ýitirer.

Beýik diwanyň öňünde jogapkärçilige çekilmeklik ýeňilleşýär. Şeýlelikde kanun çykaryjy organyň dolanşyga gözegçilik etme güýji artar.

Parlament we prezident saýlawlary bäş ýyldan bir gezek we bir günde geçiriler. Prezident möhletinden irki saýlawlary yglan eden halatynda öz wezipesi hem tamamlanar.

Kazyýet garaşsyz we tarapsyz bolar. 13 agzalyk Kazylar we sülçüler geňeşiniň 7 agzasy Mejlis tarapyndan saýlanar.

Täze ulgamyň esasy özgerlişiklerinden biri dolanşygy gönüden milletiň saýlamagy. Täze ulgamda kanun çykaryjy organ bilen dolandyryjy organ çürt-kesik biri-birinden garaşsyz boljakdygy üçin hökümet indi mejlisiň düzüminden gurulmaz.

Täze ulgamda dikdaturanyň ýüze çykjakdygy barada jedeller bar. Şol jedelleriň tersine täze ulgamyň getirýän güýçli deňagramlygy we gözegçilik mehanizmleri arkaly awtoritarlaşmak mümkin däl.

Jemläp aýdanymyzda 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy bilen çaýkanan Türkiýe ýene-de bir çatrykdan üstünlik bilen geçdi. Döwlet güýçli bolmasa, dolanşykda hukuky çylşyrymlyklar dowam etse Türkiýäniň 2013-nji we 2053-nji ýyla çenli bolan döwürler üçin öňde goýlan maksatlara ýetmegi kyndy. Döwleti güýçlendirmek üçin ilki konstitutsiýany täzelemek ýerlikli çemeleşme. Netijede Ak partiýa we Milletçi hereket partiýasy çözgüdi daşarky gýçleriň goldawynda däl, eýsem türk milletinden gözledi. Türk milleti öz geljegi üçin soňky kararyny berdi. Şeýlelikde türk milleti jebisleşdi we güýçledi, geljegini kepillendirdi.



Degişli Habarlar