Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň möhüm wakalary bilen baglanşykly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Gazagystandan gelip gowuşdy.

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew terror guramasy DAIŞ-e agza bolan raýatlaryň Gazagystanyň raýatlygyndan çykaryljakdygyny mälim etdi.

Gazagystanyň Prezidenti Nazarbaýew MIR 24 kanalyna beren beýanatynda ýurdyň kanunyna laýyklykda daşary ýurtlardaky islendik terror guramasyna agza bolan Gazagystanyň raýatlarynyň ýurda gaýdyp gelip bilmejekdiklerini belläp: “Onlar awtomatik ýagdaýda raýatlykdan çykarylar. Bu mejbury bir çäre. Gazagystandan 400-500 töwerek, SSSR-iň düzüminde bolan ýurtlardan bolsa 5 müňe golaý adam DAIŞ-iň hataryna goşuldy” diýdi.

Adamlaryň terror guramalaryna goşulmazlygy üçin çäre görülmeginiň möhümdigne ünsleri çeken Gazagystanyň Prezidenti: “Biz DAIŞ-iň hatarynda bolup ýurda gaýdyp gelen adamlara çäre görmäge synanyşdyk, emma edilenler netije bermedi. Şol sebäpli olaryň öýlerine gaýdyp gelmekleriniň öňüni almak barada karar kabul etdik” diýdi.

Gazagystanyň Adalat ministrliginiň Bölümler arasy komissiýasy geçen hepde käbir etmişler üçin raýatlykdan çykarylmagy öz düzüminde jemleýän kanun taslamasyny tassyklady.

 

Gazagystanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine Abzal Saparbekuly bellendi.

Gazagystanyň Prezidenti Nazarbaýewiň Saparbekulyny Gazagystanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek bilen baglanşykly karar Prezident Diwanynynyň resmi internet saýtynda çap edildi.

Ýokary okuw bilimini Türkiýede alan Saparbekuly şu günki güne çenli Türk Geňeşi guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary wezipesinde işläpdi.

 

Nobatda Tatarystandan gelip gowuşan habarymyz bar. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde Üýtgän dünýädäki türki halklaryň däp-dessurlary atly ylmy maslahat geçirildi.

Maslahat Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermegi bilen Milli medeniýeti ösdürmek döwlet merkezi we Gazak döwlet konsewatoriýasynyň guramaçylygynda geçirildi.

Ylmy maslahadyň esasy maksady türki dilli haklaryň dil, folklor, etnografiýa, etniki saz, edebiýat we taryh ugurlary bilen birlikde sosio-medeni we sosio-syýasy ösüşiň häzirki zaman meselelerine bilim adamlaryň ünsini çekmekdigi habar berildi.

Halkara çärä Altaý, Azerbaýjan, Başgyrdystan, Dagystan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan, Tajigistan we Türkiýeden baran saýlama bilim adamlary, Tatarystandaky medeni merkezleriň başlyklary, ylmy-derňew merkezleriniň hünärmenleri, uniwersitetleriň rektorlary we mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahat Türki dilli halklaryň maddy we ruhy medeniýeti, Türki dilli halklaryň milli taryhy we milli medeniýeti, Milli medeniýetiň derňelmägindäki ýüze çykýan meseleler, Türki dilli halklaryň dilleriniň derňelmegindäki meseleler we Etniki sazlar ýaly 5 aýry bölümden ybarat boldy.

Maslahatyň çäginde mundan başgada Türki dilli halklaryň maddy bolmaýan gymmatlyklary bilen baglanşykly ýygnaklar we sergiler geçirildi.

 

Gadyrly diňleýjilerimiz nobatda Gyrgyz Respublikasy bilen bagly habarymyz bar.

Türk Geňeşi Türk uniwersitetler bilelişigi Orhun etabyna taýarlyk maslahady Bişkekde geçirildi. Gyrgyzystan-Türkiýe Manas uniwersitediniň Rektory Prof. Dr. Sebahattin Baljynyň we Türk Geňeşi guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Dr. Ömer Kojamanyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen maslahatda Gyrgyzystan-Türkiýe Manas uniwersitediniň döwürleýin ýolbaşçylygynda edilen işler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Mundan başgada Orhun alyş-çalyş programasy bilen bagly Türk Geňeşi tarapyndan geçirilen ylmy-derňewleriň netijeleri barada maglumat berildi.

Maslahatda I Türk uniwersitetleri Bileleşigi sport oýunlary ara alynyp maslahatlaşylyp, oýunlaryň 15-19-njy maý aralygynda Bişkekde Gyrgyzystan-Türkiýe Manas uniwersitediniň ýolbaşçylygynda geçirilmegi barada ylalaşyk gazanyldy.

Maslahatyň ahyrynda Türk uniwersitetler Bileleşigine agza uniwersitetleriň arasynda Orhun alyş-çalyş programasy bilen baglanşykly şertnamalar we Türk Geňeşi Türk uniwersitetler Bileleşigi Orhun alyş-çalyş programasynyň Uçarman gollanmasy görkezmesine gol çekildi.

 

TRT TSR-nyň dostlary indiki habarymyz bolsa Türkmenistan bilen baglanşykly. Türkmenistanda Bedew baýramy 30-njy aprelde geçiriler.

Türkmenistanda 1992-nji ýyldan bäri her ýylyň aprel aýynyň soňky hepdesinde Bedew baýramy bellenip geçilýär. Özi hem gowy çapyksuwar bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwründe atlara has hem köp üns berilýär. Türkmen lider Ahal Teke atlarynyň genetikasynyň goralmagyna we atlaryň idegine hemaýat berýär.

30-njy aprelde ýekşenbe güni geçirilejk Bedew baýramy şu ýyl has hem ulydan bellener.

26-29-njy aprel aralygynda daşary ýurtlardan köp sanda hünärmenleriň we myhmanlaryň gatnaşmagynda atlaryň ýetiştirilmegi bilen baglanşykly maslahat geçiriler. Şol hepde biri-birinden gyzykly sergiler we çäreler geçiriler. Baýramçylyk güni bolan 30-njy aprelde resmi dabarlar bilen birlikde ýaryşlar, dürli-dürli tanyşdyryş çäreleri we atlaryň owadanlyk ýaryşy geçiriler. Ýurdyň Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda gurulan Halkara At karantin merkezi hem açylar.

Türkmenistanyň atlara berýän ähmiýedine we atlaryň tanyşdyrylmagy bilen baglanşykly edýän işlerine daşary ýurtly liderler hem uly baha berýärler. Kataryň Emiriniň maşgalasynyň adyndan Şyh Faýsal Bin Nasyr Al Tani Türkmenistanyň hökümetine bir hat iberip, türkmen lider Berdimuhamedowyň atlara berýän ähmiýedini takdyr eden Al Tani öz  hatynda atyň ýetişdirilmeginde ulanylmak we Bedew baýramyndan geçiriljek ýaryşlarda sylag alyp berilmek maksady bilen Katar Emirligi hökmünde Türkmen Atlary döwlet bileleşiginiň bank hasabyna 500 müň dollar pul teklip edildi.

Türkmenistan dünýäde At ministrligi bolan ýeke täk ýurt.

 

 Gepleşigimiziň soňky habary bolsa ykdysadyýet bilen baglanşykly. Gyrgyz Respublikasynda senagat önümçiligi ýylyň ilkinji çärýeginde artdy. Gyrgyzstanda senagat önümçiligi şu ýylyň ilkinji çärýeginde 35,9 göterim artdy.

Gyrgyz Respubliaksynyň Milli Hasabat komitediniň başlygy Lüksina Tekeýewa geçiren metbugat ýygnagynda şu ýylyň ilkinji çärýeginiň senagat önümçiligi barada hasabat berdi. Tekeýewa ýurtda şu ýylyň ilkinji 3 aýynda senagat önümçiliginiň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 35,9 göterim artyp, 701 million 304 müň 376 dollara ýetendigini habar berdi. Tekeýewa senagat önümçiligindäki ösüşe demir magdançylyk, nebit önümleri, azyk we tekstil ýaly pudaklaryň sebäp bolandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar