Türk Dünýäsinden Habarlar

Bu hepde hem biz size Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlary siziň dykgatyňyza ýetirmekçi

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Gazagystan bilen baglanşykly.

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Türki dilli döwletleriň Işewürler geňeşiniň maslahaty geçirildi.

Gazagystanyň Atamekan  Milli işewürler we söwda gyramasy tarapyndan guralan çärä Azerbaýjandan, Türkiýeden we Gyrgyzystandan wekiller gatnaşdy.

Maslahatda Türkiýe bilen Gazagystanyň arasynda umumy söwda we senagat guramasynyň döredilmegi barada şertnama gol çekildi.

Gol çekilen şertnamada Gazagystana gury ýer we deňiz liniýalaryna diňe çig mal däl, eýsem şol bir wagtda sarp ediji önümleriniň eksportynyň edilmegini üpjün etjekdigi bellenýär.

Maslahatyň açylyşynda çykyş eden Atamekan Milli işewürler we söwda guramasynyň resmisi Abylaý Myrzahmetow ady agzalan şertnama we taslama Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň hem gatnaşmagyna garaşýandyklaryny  we bular ýaly guramaçylygyň täsirli bir çäre boljakdygyny nygtap geçdi.

Maslahata Türkiýeden TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyogly, Azerbaýjandan Işewür adamlar milli geňeşiniň başlygy Mamed Musaýew, Gyrgyzystandan Söwda we senagat guramasynyň başlygy Marat Şaşekeýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiller gatnaşdy.

Ady agzalan geňeşe Özbegistanyň hem agza bolmagyna garaşylýar.

 

Azerbaýjanda 12-22-nji maý aralygynda geçirilejk Yslamy birlik oýunlary bilen baglanşykly Hazardan başlaýan su syýahady atly çäre geçirilmegine badalga berildi.

Prezident Ilham Aliýew, Prezidentiň birinji orunbasary Mihriban Aliýewa, Saud Arabystanynyň Milli olimpiýa komitediniň başlygy we Yslamy birlik oýunlary federasiýasynyň başlygy Abdullah Bin Mosad Abdulaziz Al Saud we Yslamy birlik oýunlaryna agza ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärede Türkiýä Ýaşlar we sport ministri Akif Çagatý Kylyç wekilçilik etdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew çarede eden çykyşynda 1 aý soň 57 ýurtdan 3 müňden gowrak türgeniň Azerbaýjanda özara bäsleşjekdiklerini habar berdi. Ähli myhmanlary kabul etmäge taýardyklaryny we olara sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny bellän Aliýew 57 ýurtdan bolan gatnaşygyň Yslamy birlik oýunlarynyň taryhynda rekortdygyny habar berdi.

2017-nji ýylyň Azerbaýjanda Yslamy birlik ýyly yglan edilendigini ýatladan Aliýew: “Bu ähli musulman ýurtlaryny biri-birleri bilen has berk birleşdirmek üçin biziň tarapymyzdan öňe sürülen möhüm bir ädim. Şu günki gün musulman ýurtlary jebis we birlik bolmalydyr. Biz Bakuda ähli dünýä yslam dünýäsiniň jebisdigini görkezeris. Biziň jebisligimiz güýjimizi artdyrar” diýdi.

Yslamy birlik oýunlarynyň nyşanasynyň suwdygyny aýdan Ilham Aliýew: “Suw ýaşaýyşdyr. Azerbaýjan tebigy gözelliklere eýe bir ýurt. Owadan köllerimiz, derýalarymyz, çeşmelerimiz, şaglawuklarymyz, Hazar deňizimiz bar. Şu gün Hazaryň kenaryndan ýurdumyzyň tapawutly ýerlerine syýahat başlaýar” diýdi.

Çykyşyndan soň Aliýew Hazar deňizinden alynan suwy Azerbaýjanyň tapawutly ýerlerinden gelen çagalara berdi. Misden ýasalan suw gaplary ýurdyň köllerini, derýalaryny, çeşmelerini gezip ol ýerlerden alynan suwlary Yslamy birlik oýunlarynyň açylyş dabarasyna getiriler.

 

THÝ-dan Kazan şäherine ýenede bir uçar gatnawy. Türkiýe bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky kadalaşma etabynyň ilkinji uly täsiri syýahatçylykda özüni görkezýär.

Russiýanyň raýatlary golaýlap gelýän dynç alyş möwsümi bilen birlikde Türkiýäni ýaňadandan Iň gelim-gidimli dynç alyş zolagyna öwürmäge synanyşýan mahaly, Stambula bola gyzyklanmanyň artmagy bilen has köp syýahatçyny alyp gelmek üçin Türk howa ýollary hem herekede geçdi.

THÝ Stambul-Kazan-Stambul uçar gatnawlaryny ýola goýdy.

THÝ hepdede 3 bolan uçar gatnawlarynyň sanyny 26-njy martdan başlap 4-e çykardy, 29-njy maýdan başlap bolsa şol sany 5-e ýetirer.

Şeýlelik bilen Stambul-Kazan arasyndaky aragatnaşyk has hem aňsatlaşar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti 12-nji aprelde Gazagystana resmi sapar gurar.

Gazagystanyň Daşary işler ministri Kaýrat Abdrahmanow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanuly Berdimuhamedowyň Gazagystana resmi sapar gurajakdygyny habar berdi.

Gazak ministr Kaýrat Abdrahmanow Gazagystanda bar bolan daşary ýurtly ilçilere ýurdyň oba-hojalyk pudagynda alynyp barylýan programanyň açylyş dabarasynda: “Özbegistanyň Prezidentiniň Gazagystan sapary örän netijeli boldy. Birnäçe gün ozal Prezident Nursoltan Nazarbaýew Baku resmi sapar gurady. Mundan soň bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystana resmi sapar gurar” diýdi.

 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji aprelde Gazagystana resmi sapar guramagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar