Dost-Doganlygyň Taryhy

Berdi Kerbabaýewi ýatlap

693868
Dost-Doganlygyň Taryhy

Berdi Kerbabaýew hakynda ýatlamak gerek bolsa, ilkibaşda, ýetişip gelýän ýaş nesliň onyň terjimehaly hakynda azda–kände käbir maglumatlary öwreneni peýdaly bolar diýen niýet bilen meşhur türkmen ýazyjysynyň 1894-nji ýylyň mart aýynyň 15-ne Tejen etrabynyň Gowkyzereň obasynda dünýä inendigini aýtmak gerek. Ýaşlygyndan okuwa, çeper ededbiýata bolan höwesi ony 10 ýaşlaryndan mekdebe alyp barýar. Oba mekdebini tamamlandan soň bolsa Tejen, Kaka, Gorjow, Buhara medreselerinde okuwyny dowam etdirýär. Okuwa ähli düýrmegi bilen topulyp, bu ugurda uly erjellik görkezýär. Gelejekki ýazyjyda ýaşlykdan çeper edebiýata uly höwes döreýär. Ol türkmen halk döredijiligini, nusgowy edebiýaty, Gündogaryň Nyzamy, Jamy, Nowaýy ýaly söz ussatlarynyň eserlerini öwrenýär. Aç towugyň däne agtaryşy ýaly, ol elmydama kitap, eser gözleginde bolýar. 

         

Berdi Kerbabaýewiň şol gözlegleri, erjelligi özüniň ilkinji miwelerini bermäge başlaýar we sowet döwrüniň düýbi tutulan edebiýatynyň sarsmaz galasynyň diwarlaryny galdyranlaryň hatarlaryndaky ýazyjy hökmünde şol diwaryň ilkinji kerpiçlerini goýmaga başlamagy bilen onuň “Iç ýene-de, ur ýene” atly ilkinji satirik goşgusy 1923-nji ýylda “Türkmenistan” gazetinde peýda bolýar.

 

Berdi Kerbabaýew ýigriminji ýyllaryň ortalaryndan başlap, proza we drama eserlerini ýazmakda hem öz güýjüni synap görýär. Şeýlelik bilen 1926–njy ýylda “Obada bolan waka” atly saldamly hekaýasyny döretýär. 1927–nji ýylda bolsa “Tirýekkeş we tebip” atly pýesasyny ýazýar. Ýigriminji ýyllaryň ahyrlarynda “Hüşgärlik”, “Saňa ýaran maňa-da ýaran”, “Akylyna aýlandy”, “Açlyk” hekaýalaryny, “Garşa guda”, “1916-njy ýyl” powestlerini ýazýar.

 

Ýigriminji ýyllaryň yz ýanyndan gelen galagoply Beýik watançylyk urşy döwründe hem Berdi Kerbabaýew şol wagtyň wakalaryna degişli ençeme goşgusyny, “Watana söýgi”, “Kim kimi söýýär”, “Doganlar” ýaly pýesalaryny, “Gurban Durdy” powestini, “Komissar Geldiýew”, “Watan gyzlaryna” oçerklerini, “Aýallar” poemalaryny ýazyp okyjylara hödürledi.

 

B.Kerbabaýew türkmen dramaturgiýasynyň ösmegin-de önjeýli goşant goşdy. Ol onlarça pýesanyň we birnäçe librettonyň awtorydyr. Dramaturgyň galamyndan çykan “Göterim”, “Hüýrlukga-Hemra”, “Halk şahyry”, “Aýgytly ädim” ýaly pýesalary türkmen dramaturgiýasynyň şowly eserleri hasaplanýar.

 

Berdi Kerbabaýew diňe bir uly ýaşly okyjylar üçin eser döretmek bilen galman, eýsem çagalar üçin halk döredijiliginiň eserlerindäki gahrymanlary bilen baglanşykly eserlerdäki mowzuklary täzeden işlemek bilen gyzykly eserler döretdi. Berdi Kerbabaýewiň çagalar üçin ýazan eserleri bolsa, çagalaryň meşhur kitaplaryna öwrüldi. “Batyr”, “Yhlasa-myrat”, “Çekişmän, bekişmez”, “Jonnuk batyr”, “Kyrk ýalan”, “Japbaklar” ýaly eserleri munuň aýdyň mysalydyr.

 

Çagalaryň gyzyklanma bilen okan ýa–da okalyp berlen eserlerini döretmegi başarandygy üçin şahyryň çagalar üçin niýetläp ýazan şeýle eserleri, 30-njy ýyllarda onuň çagalara niýetlän “Kim bilmeşek” atly kitabyny neşir etmegine sebäp bolýar.

 

1940-njy ýylda Kerbabaýewiň meşhur “Aýgytly ädim” romanynyň birinji kitaby çapdan çykýar. Ol üç kitapdan ybarat bu eserini uruşdan soň ýazyp gutarýar, eser 1948-nji ýylda SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Şu döwürde döreden “Aýsoltan” powesti üçin 1951-nji ýylda Kerbabaýewe SSSR-iň Döwlet baýragy berilýär.

 

 Kerbabaýew dünýä we ors edebiýatynyň görnükli wekilleriniň ençemesiniň eserlerini türkmen diline terjime edýär. Olaryň arasynda Maksim Gorkiniň “Ene” romany, Lew Tolstoýyň “Hajymyrat” powesti, Mihail Şolohowyň “Göterilen tarp” romany, Woýniçiň “Gögeýin” romany, Arkadiý Gaýdaryň hekaýalary bar. Mürze Ibragimowyň “Ol gün geler” romanyny, Musa Jeliliň goşgularyny, Omar Haýýamyň rubagylaryny we başga-da köp eserleri türkmen diline terjime edýär.

 

Berdi Kerbabaýew türkmen döwletiniň düýbüni tutujylaryň biri - Gaýgysyz Atabaýew barada “Gaýgysyz Atabaýew” romanyny döretdi, “Suw damjasy – altyn dänesi” atly romany bolsa “Aýgytly ädimiň” dowamydyr. Bu eserde Artygyň, Aşyryň, Mawynyň we “Aýgytly ädimdäki” beýleki gahrymanlaryň agtyk-çowluklary hereket edýär.

 

Ol ýolýazgylar žanryny türkmen edebiýatyna ilkinji bolup girizen ýazyjydyr. Onuň eserleri gaty köp daşary ýurt dillerine terjime edildi. Ol çeper döredijiligini ömrüniň ahyryna çenli dowam etdirdi. Umumy alnanda, Berdi Kerbabaýew Türkmenistanyň Ýazyjylar guramasyna 20 ýyl ýolbaşçylyk etdi.

 

Berdi Kerbabaýew Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, başda belleýşimiz ýaly, SSSR-iň Döwlet baýragynyň iki gezek eýesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany.

 

Sowet döwrüniň türkmen edebiýatynyň aksakgaly, kerwenbaşysy, onuň düýbüni tutujylaryň biri – Berdi Kerbabaýew. Garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri geçen döwür içinde başga-da köp ýazyjy-şahyrlar, suratkeşdir kompozitorlar, umuman, döredijilik adamlary bilen bir hatarda Berdi aganyň-da ady ýurduň habar serişdelerinde tutulmady diýen ýaly. Onuň ömri we döredijiligi bilen bagly ýubileý seneleri, ýagny tegelek seneler ýurt derejesinde bellenmedi.
 

Bir söz bilen aýdylanda, Berdi aga halkyň ajy günlerini-de, süýji günlerini-de bile paýlaşdy. Il içinde ýörgünli söz bilen aýdylanda: “Halkyň ody bilen girip, küli bilen çykdy”.

 

Halypasy Magtymgula eýermek bilen bir goşgusynda:


Söýýän seni joşgun urýan ýürekden,

Ömrüm saňa gurban, Türkmenistanym!

Zerursyň sen maňa çaýdan-çörekden,

Ähli derde derman, Türkmenistanym!

 

Guwanjym, baýlygym hem hany-manym,

Bilimde kuwwatym, damarda ganym,

Gözümde görejim, göwrämde janym,

Seni dünýä bermen, Türkmenistanym!


- diýip watanynyň waspyny ýetiren Berdi Kerbabaýew 1974-nji ýylyň 23-nji iýulynda Aşgabatda aradan çykdy.

 



Degişli Habarlar