Aktual Analiz

Türkiýäniň Afrikadaky iki taraply bähbit syýasaty.

Aktual Analiz

Prezidentiň metbugat sekretary İbrahim Kalynyň “Daili Sabah” gazetinde çap edilen makalasyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Makalanyň başy: “Türkiýe, Afrikada kolonial güýçleriň edişi ýaly täze garaşlylyk, diýdim zorluk we kolonial gatnaşyklary ýüze çykarmagyň ýerine deňlige, aç-açanlyga we yzgiderlilige esaslanýan, iki taraply güýçleniş syýasaty bolan “iki taraply bähbit syýasatyny alyp barýar.

Prezident R.T.Erdogan ýanwar aýynyň 22-25-i aralygynda Gündogar Afrikada ýerleşýän üç ýurda- Tanzaniýa, Mozambige we Madagaskara- sapar gurady. Sapar Türkiýäniň 2005-nji ýylda başladylan we dowam etdirilýän “Afrika başlangyjy” syýasatynyň bir bölegini emele getirip, Türkiýäniň Afrika kontinenti bilen bolan gatnaşyklaryny giňeltmegi hem-de çuňlaşdyrmagy nazarda tutýar.

Erdogan soňky 10 ýylyň dowamynda ilki premýer ministr, soň bolsa prezident hökmünde 25 Afrika ýurduna 30-da gowrak sapar gurady. Ol Afrikanyň daşyndan bolan lider üçin rekord derejesindäki sapardyr. Şol saparlar Afrika halklary bilen täze özara gatnaşyklary ösdürip, Türkiýänin Afrika boýunça strategik garaýyşyny hem beýan edýär. Türkiýe 2004-nji ýylda 12-ä barabar bolan ilçihanalarynyň sanyny 2016-njy ýylda 39-a ýetirip, Afrikadaky diplomatik gatnaşyklaryny giňeltdi. 2012-2013-nji ýyllarda Türkiýe Afrikadaky dürli taslamalara 800 Amerikan dollaryna barabar goldaw berdi.

Türk iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy agentligi TİKA-nyň Afrikada 16 sany ofisi bar. Olar täze suw guýularyny açýarlar, kliniki hassahanalaryny gurýarlar, taryhy binalary abatlaýarlar. Şeýle-de onlarça türk jemgyýetçilik guramasy we ynsanperwer kömek guramalary kömege mätäç raýatlara işjeň kömek berýärler. Bu tazeje çemeleşme Afrika halklary tarapyndan hem oňyn kabul edildi. 2008-nji ýylda Afrika Bileleşigi Türkiýäni strategik hyzmatdaş hökmünde kesgitledi. Türkiýe-Afrika sammitiniň ilkinjisi şol ýyl Stambulda geçirildi, soň Malaboda, Ekwator Gwineýasynda 2014-nji ýylda, geçirildi.

Üçünji maslahatyň 2019-njy ýylda Türkiýede geçirilmegi meýilleşdirilýär. 10 ýyl ozal Türkiýäniň Afrika bilen bolan jemi söwda gatnaşygy 3 milliard Amerikan dollaryna-da ýetmeýärdi. Şu günki günde bolsa söwda mukdary 25 milliard dollardan hem geçdi. Türk Howaýollary 30-dan gowrak Afrika ýurdunda 40-a golaý şähere uçuşlary amala aşyrýar. Bu san dünýadaki beýleki halkara awiakompaniýalarynyňkydan hem ýokary. 30-dan gowrak Afrika ýurdunyň Türkiýede diplomatik wekilhanasy bar. Afrika ýurtlaryndan gelen 5 müňden gowrak talyp Türkiýede doly stipendiýaly bilim alýar. Bu sanlar Türkiýe bilen Afrikanyň arasyndaky çuňlaşýan gatnaşyklaryň güýçli-durnukly häsýetde dowam edýändigini görkezýär.

Afrika baý tebigy serişdelere, ýaş, hyjuwly ilata we uly ösüş potensialyna eýe. Emma bu ummasyz baýlygyň ortasynda ýoksul, ýeter-ýetmez şertlerde ýaşaýan ýene-de Afrika. Köp sanly Afrika ýurdy üçin syýasy durnuklylyk, terrorçylyga garşy göreş, ýoksullygyň ortadan aýrylmagy we birsydyrgyn ösüş ileri tutulýan ugurlardyr. Ýewropa kolonializminiň kontinentdäki utandyryjy taryhy göz öňünde tutulanda, diýdimzor dolanşygyň galdyran mirasyna, wekilikli uruşlara, döwrebap gulçulyga we ykdysady kolonializme garşy ýeterlik reaksiýa görkezip bilmeýär.

 


Etiketkalar: sapar , bähbit , Türkiýe , Erdogan , Afrika

Degişli Habarlar