Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Günteribi

Türkistanda terror guramasy DAIŞ howpy

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Günteribi

2017-nji ýylyň başynda Türkiýede başdan geçirilen we DAİŞ tarapyndan boýun alynan terror hüjümi Türkiýede we Ýewraziýada gün tertibiniň ileri tutulan ugurlaryndan biri boldy. Hüjümi guran terrorçynyň etniki gelip çykyşy baradaky diskusiýalarda Orta Aziýa üçin uly DAİŞ howpynyň abanýandygy beýan edildi. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda onuň ýerlikli bolup-bolmandygyny analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetinin Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Täze ýyl agşamy Stambulyň meşhur gije klublaryndan biri bolan Reina DAİŞ tarapyndan guralan we 39 adamyň ýogalan hüjümi Ýewraziýa sebitinde sebäbi hem-de netijesi taýdan ara alynyp maslahatlaşylmaga dowam edilýär. DAİŞ-iň mundan ozal dünýäniň dürli sebitlerinde guran hüjümleriniň tersine bu gezek Türkiýäniň hem-de dünýä jemgyýetçiliginde hüjümi guran terrorçynyň şahsyýeti baradaky jedelleşiklere şaýatlyk edýäris.

Reina guralan hüjüm we hüjümi guran terrorçynyň ele salynmagyndan son bar bolan maglumatlara ser salalyň: Terrorçy asly täjik, Özbegistanyň raýaty. Ýolbeledi yrakly arap. Ele salynan öýündäki terrorçy zenanlar senegally, müsürli, somalili. Aragatnaşygy üpjün edýän Türkiýäniň raýaty. Hüjümde gurban bolanlar bolsa Ysraýylyň, Liwanyň, Hindistanyň, Saud Arabystanynyň, Tunisiň, Yragyň, Kuweýdiň, Kanadanyň we Türkiýäniň raýatlary. Etniki taýdan diýseň çylşyrymly panoramanyň bardygyna garamazdan jedelleşikler umuman türki halklar barada gidýär. Bu jedelleşiklerde esasan Orta Aziýanyň DAİŞ-iň täze merkezine öwrülendigi öňe sürülýär. Eýsem şol dogrumyka? Gepleşigimiziň bu sanynda ine şu meseläni seljermäge synanşarys.

DAİŞ şu günki güne çenli ýüzlerçe terror hüjümini gurady. İlkinji gezek hüjümi guran terrorçynyň etniki gelip çykyşy we milleti şeýle öňe saýlandy. Eýsem näme üçin? Bu soraga jogap bermezden ozal DAİŞ terrorçylarynyň ýurtlara görä sanawy baradaky iki barlaga ser salalyň.

2016-njy ýylyň mart aýynda çap edilen maglumatlara görä DAİŞ-iň hataryna goşulan daşary ýurtlylylaryň raýatlyklaryna birinji onlukdaky ýurtlar şeýle:

 

Tunis

6500

Saud Arabystany

2500

Russiýa

2400

İordaniýa

2250

Türkiýe

2100

Fransiýa

1700

Marokko

1350

Liwan

900

Müsür

800

Germaniýa

760

(Salgylanma: The Telegraph, Yraq and Sýria: How maný foreign fighters are fighting for Ysil?)

2015-nji ýylda çap edilen barlaga görä bolsa DAİŞ-iň düzümine her bir million adamdan goşulýanlaryň sanawy käbir ýurtlar boýunça şeýle:

İordaniýa

315

Tunis

280

Saud Arabystany

107

Bosiýa-Gersegowina

92

Kosowa

83

Türkmenistan

72

Albaniýa

46

Belgiýa

46

Özbegistan

33

Şwesiýa

32

Filistin

28

Daniýa

27

Täjigistan

24

Fransiýa

18

Awstriýa

17

Gollandiýa

15

Finlandiýa

13

Russiýa

12

Kazakistan

8

         Türkiýe

6

Kyrgyzistan

5

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

(Salgylanma: Radio Free Europe/Radio Libertý, Foreign Fighters Yn Yraq & Sýria: Where do theý jome from?)

Tema boýunça geçirilen köp sanly ylmy barlag bar. Biz dine iki sanysyny mysal hökmünde aldyk. Elimizde mesele boýunça anyk maglumat ýok. emma geçirilen barlaglar bizde umumy pikir döretmek üçin mümkinçilik berýär. Beýleki hasabatlar internet arkaly ýaýradyldy. İsleýänler ýönekeýje internet barlagy bilen ähli maglumatlary öwrenip bilerler.

Maglumatlary seljerinimizde bütin dünýä ýurtlaryndan bolşy ualy Orta Aziýa ýurtlaryndan hem DAİŞ-iň düzümine goşulýanlar bar. Emma ol İordaniýa, Tunis ýaly Ýakyn Gündogar-Afrika ýurtlary bilen Bosniýa, Kosowa, Albaniýa ýaly Balkan hem-de Ýewropa ýurtlary bilen deňeşdirilende pes mukdarlarda. Emma sebitleýin we global jemgyýetçilikde yzgiderli häsýetde türkistanly terrorçylar gün tertibinde. Onuň aňyrsynda durýan sebäpler şulardan ybarat: Türkistan sebitindäki käbir dolanşyklar legallygyny ilki bilen radikal yslam we terrorizm gorkusy arkaly üpjün edýärler. Şol propoganda adybir dolanşyklar üçin bähbitli. Onsuz hem şol propogandany ýaýradanlaryň başynda-da şol hökümetler durýar. Amerilada 11-nji sentýabrda guralan hüjümlerden soň Hytaý Halk Respublikasy uýgur meselesini bütin dünýä radikal yslam we Al Kaýda arkaly düşündirdi. Emma 11-nji sentýabrdan ozal Hytaýyň uýgurlar bilen radikal yslamy bilelikde agzany ýadymyza düşmeýär. Şeýlelikde bu propoganda Hytaý üçin bähbitli we ony ýaýbaňlandyranlaryň hatarynda Hytaý hem bar. Russiýa hem şol teoriýany saýlap alýar. Çünki bu teoriýa Russiýanyň Türkistan sebitinde howpsyzlygy üpjün ediji pozisiýasyny güýçlendirýär. Russiýanyň Türkisýan syýasatyny legallaşdyrýar. Türkistan sebitini gowy tanamaýan daşary ýurtly hünärmenler hem gönüden şol propogandalary ykrar edip, onuň ýaýbaňlanmagyna goşant goşýarlar. Beýleki bir faktor bolsa dürli syýasy we ideologik maksatlar bilen ony ýaýradýan toparlar. Olary esasanda Türkiýede görmek bolýar. Türkiýäniň alyp barýan köp ugurly-garaşsyz daşary syýasatdan we Türkiýäniň Türkistana ýönelmeginden biynjalyk bolan toparlar bu propogandany bilkastlaýyn alyp barýarlar.

Jemläp aýdanymyzda “Türkistanda DAİŞ howpy barmy?” diýlen soraga; “hawa, bar” diýip jogap berip bileris. emma: “Türkiýäniň we dünýäniň halk köpçüliginde beýan edilişi ýaly Türkistanda uly derejede DAİŞ howpo barmy” diýlen soraga: “ýok” diýip jogap beriler.

Türkistanda bar bolan DAİŞ howpyna garşy göreşde esasy pozisiýasyny Hanefi/Maturidi sufi Türk-Yslam ekollary eýelär. Türkiýäniň Prezidenti Erdoganyň Özbegistana guran saparynda döwlet ýolbaşçylary bilen Ymam Maturidiniň türbediniň öňünde aldyran suraty ine şol jähtden uly many aňladýar.


Etiketkalar: Reina , Stambul , Türkistan , DAIŞ

Degişli Habarlar