Dost-Doganlygyň Taryhy

XVI ASYR DIWAN EDEBIÝATYNYŇ WEKILI MÄHRI HATYN

Dost-Doganlygyň Taryhy

XV asyr, Osman imperiýasynyň medeni we jemgyýetçilik–ykdysady taýdan galkynyşynyň pajarlap ösen döwri hasap edilýär. XV asyrda emele gelen döwleti dolandyryşyň düzgün tertibi we ykdysady taýdan ýetilen abadançylyk, tebigy ýagdaý hökmünde edebiýata hem öz täsirini etirýär.

 

         Şonuň üçin hem şu gepleşigmizde, XV asyrda ýaşap geçen, diwan edebiýatynyň zenan wekili, Mähri Hatyn we onyň gazallary hakynda gürüň etmegi makul bildik.

 

            Mähri Hatyn, Amasyada, II–nji Baýazidiň öz töweregine ýygnan edebiýatçylarynyň biridir. Diwany häzirki günlerimize hem gelip ýeten ilkinji zenan şahyr bolan Mähri Hatyn, sada dilde we tüýs ýürekden ýazan şahyr hökmünde tanalýar. Edil şol bir wagtyň özünde hem Mähri Hatyn, diwan edebiýatynyň wekilleriniň arasynda iň köp gazal ýazan şahyryň biridir. Mähri Hatynyň ýazan gazallary, türk klasiki edebiýatynda gazallaryň arasynda bar bolan görnüşleri anyklamakda ýol görkeziji bolup durýandygy üçin wajyp orun tutýar.    

 

         Fatih Soltan Mehmed ýaly, onuň şazadalary, Jem Soltan we II–nji Baýazid hem özleriniň töwereklerinde sungat işgärleriniň birleşmegi üçin özüne çekiji merkezleri döredip, öňden gelýän däbi dowam etdiripdirler.

 

         Soltan II–nji Baýazid, hem şazada bolan wagty hem–de patşa bolan döwri, kakasy tarapyndan ýöredilen däp–dessury dowam etdiripdir. Şol döwürdäki alym we şahyrlary goldap, gorapdyr.

 

          II–nji Baýazid, Amasýada şazada bolan wagty, öz töweregine, şahyrlary ýygnamaga başlapdyr. Şahyrlaryň agramly bölegi şol wagtlar onuň ýanynda resmi taýdan haýsy hem bolsa belli bir wezipä bellenilipdir. Şazadanyň köşgünde iň uly abraýa eýe bolan Hatemi lakamy bilen goşgy ýazan Müeýýed–zade Abdurraman Çelebiden başga hem Zeýnep Hatyn we Mähri Hatyn şazadanyň töweregindäkiler bilen onuň gurnaýan söhbetlerine gatnaşypdyrlar.

 

         Mähri Hatyn 1456–1460–njy ýyllarda Amasyada eneden bolýar. Ady hem Mähri, lakamy hem Mähri bolupdyr. Kakasy Belaýy lakamy bilen şygyr ýazan Kady Hasan Amasýewi eken. Şazadalaryň eden tagallalary netijesinde medeniýet we sungat merkezine öwrülen Amasyada ösüp ýetişýär. Daş–töweregini gurşap alan hoşniýetlilik we medeniýetiň döreden oňaýly ýagdaýlaryndan peýdalanyp edebiýat we din ugrundan özüni ösdürip ýetişdirýär.

 

         Ýazan şygyrlary bilen ýaňy–ýaňy tanalmaga başlan wagty şazada II–nji Baýazidiň ünsüni özüne çekýär we onuň töweregindäki şahyrlaryň arasyna goşulýar. Mähri Hatyn özüniň şöhratyna, II–nji Baýazidiň töwereginde ýygnanan edebiýatçylaryň arasyna goşulandan soň eýe bolýar.

 

     Mähri Hatyn ýaş wagty örän owadan, mylaýym söhbetdeş, biraz hem bolsa wäşi, edil şonuň ýaly hem arassa, ahlakly we özüne erk edip bilýän zenan maşgala hökmünde bellenilip geçilýän taryhy çeşmelere gabat gelmek bolýar. Öz döwründe erkekler bilen bile şygyr we aýdym–saz mejlislerine goşulyşmagy, şol döwürde gaty bir halanyp hem barylmaýar eken. Şol sebäpden hem onuň ady, yşgy–söwda babatynda, mejlislere bile gatnaşýan adamlaryndan Müeýýed–zade Abdurrahman Çelebi, Sinan Paşanyň ogly Iskender Çelebi we Güwähi ýaly adamlar bilen bile bolýandygy hakynda gep–gürüňler çykmaga başlapdyr. Hem ýüzüniň owadanlygy hem–de ahlak taýdan arasa bolandygy sebäpli onuň bilen durmuşyny birleşdirmek üçin oňa hyrydar çykan köp bolan hem bolsa, şol aýdylýan zatlar sebäpli hiç wagt durmuşa çykmandyr. 

 

          Mähri Hatyn 1512–nji ýyldan soň, belki hem 1514–nji ýa–da 1516–njy ýyllarda 50–60 ýaşlarynda wagty, Amasyada aradan çykypdyr. Atasy Pir Süjaaddin Ilýasyň mazarynyň ýanynda jaýlanypdyr.

 

       Şazadalaryň şäheri hökmünde tanalýan Amasýa, klassiki türk şygrynyň ilkinji zenan şahyrlaryny ýetişdiren şäher jähtinden hem tanalýar. Ýokarda agzalyp geçilen we öz zamanasynyň medeniýetli ynsanlary bolan şol zenan şahyrlar Zeýnep Hatyn we Mähri Hatyndyr. Zeýnep Hatynyň Fatih Sultan Mehmede özüniň diwanyny berendigi hakynda käbir gürüňler bar hem bolsa, onuň agzalyp geçilýän şol diwany biziň günlerimize çenli gelip ýetmändir. Şol sebäpden hem Mähri Hatyn, şu günkü günde elimizde diwany bar bolan ilkinji zenan şahyr hasap edilýär.

 

          Şygyrlaryny sada, akgöwünli we yşky–liriki usulda ýazan Mähri şahyr, şygyrlarynyň agramly böleginde “olasyn” redifli gazal görnüşinde ýazypdyr.

 

          Gamzaň oky, aşyklaryň synasyny müň diler,

          Hanjar bolsa ýa şonça bor ýa bolmaz.

 

   Ol saçy sünbül kimin, ýüzi dolan aýa meňzäne,

   Ýaňagy läle kimin, dodagy gyrmyza saglyk ýaraşar.

 

   Ol gözeller içre deňi taýy bolmadyk,

   Näzeninler içre taýsyz gözele saglyk ýaraşar.

 

   Imdi Mähri bu kelamy janu dilden dowam et,

   Ol saçy sünbül kimin, ýüzi dolan aýa saglyk ýaraşar.

 

    diýip gazallarynda gözelligi wasp eden şahyr, Mähri Hatyn, diwan edebiýatynyň görnükli wekillerinden biri bolan hem bolsa, zamanasynda şahsyýeti, özüni alyp barşy bilen baglanşykly teýeneli we tankydy sözlere duçar bolşy ýaly, özi dünýäden ötenden soňraky ýyllarda hem şygyrlary tankydy nukdaý nazardan seljerilmäge başlanýar. Diwany biziň günlerimize gelip ýetendigi üçin Mähri Hatynyň Diwany tankydy bellikleri bilen birlikde, 1967–nji ýylda, Ýe. I. Maştakowa tarapyndan, Mähri Hatyn Diwany ady bilen Moskwada çap edilýär.



Degişli Habarlar