Türk dünýäsinden habarlar

Türk dünýäsinin dürli sebitlerinden gelip gowuşan möhüm wakalar

Türk dünýäsinden habarlar

İlkinji habarymyz Türkmenistandan gelip gowuşdy.

Türkmenistanda Prezident saýlawlaryna sanalgyja gün galdy.

Türkmenistanda iki hepde soň, 12-nji fewralda geçiriljek Prezident saýlawy üçin tanyşdyrlyş işleri dowam edýär.

9 dalaşgäriň bäsleşýän saýlawlaryň iň güýçi dalaşgäri şübhesiz Preizdent Gurbanguly Berdimuhamedow.

Dalaşgärler dewlet teleýaýlymlarynda özleri üçin berilen möhletlerde we dürli welaýatlarda halka ýüzlenip çykyş edýärler. Türkmenistanyň lideri Berdimuhamedow hem şol çäkde iş saparlary bilen ýurduň welaýatlaryna barýar. Geçen hepdelerde Balkan welaýatyndan son günortadaky Mary welaýatyna baran Berdimuhamedow, soňky gezek Lebaba bardy. G.Berdimuhamedow Lebap welaýatyna guran saparynyň dowamynda Köýtendag etrabyndaky Garlyk maýdan känine we dökün fabrigine baryp gördi.

Lebap welaýatyndaky esasy maýa goýumlaryndan biri bolan desga demir ýoly hem çekildi. Türkmen lider bu möhüm desga tamamlandan son ýylda 1,4 million tonna dökün öndürjekdigini we önümiň esasy böleginiň import ediljekdigini, şeýle-de 1700 adama iş üpjünçiligini döretjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatyna guran iş saparynyň dowamynda Orta Aziýanyň iň uly derýasy bolan Amyderýanyň üstünden guruljak gara we demir ýoly geçişi üçin gurulýan köpri taslamasyna hem baryp gördi.

Köprüleriň tamamlanmagyndan son türk eksport firmalary üçin hem alternatiw gatnaw ugrunyň emele gelmegi we Eýranyň üstaşyr Türkmenistana barýan ýürkýük ulaglarynyň şol köprüler arkaly Özbegistana we beýleki Orta Aziýa ýurtlaryna ýeňillik bilen barmagyna garaşylýar.

 

Nobatda Gazagystandan bir habarymyz bar.

Gazagystanyn paýtagty Astana dünýä derejesinde ähmiýetli gepleşiklere ýer eýeçiligini etdi.

Türkiýe bilen Russiýanyň öňbaşçylyk etmeginde, Eýranyň goldaw bermeginde we Gazagystanyň ýer eýeçiliginde guralan Siriýa boýunça gepleşikler geçen hepde paýtagt Astanada geçirildi.

Astana gepleşiklerinden son Türkiýe, Russiýa we Eýran tarapyndan çap edilen bilelikdäki jarnamada Siriýada gazanylan ylalaşygyň yzgiderliligi degişli üç ýurduň kepillendirmeginde gözegçiligiň ýola goýulmagy barada ylalaşyk gazanylandygy habar berildi.

Gepleşigimizi Gazagystandan gelip gowuşan beýleki bir habar bilen dowam etdirýäris.

TÜRKSOÝ-yň kararyna laýyklykda  Türkistanyň 2017-nji ýyl üçin “Türk dünýäsiniň medeni paýtagty” hökmünde yglan edilmegi we şol çäkde Türkistanda geçiriljek çäreleriň kesgitlenmegi maksady bilen iş meýilnamasyna gol çekildi.

Meýilnama laýyklykda Türkistanda we Günorta Gazagystan welaýatynda çärelere taýarlyklaryň dowam edýändigi habar berildi.

Günorta Gazagystan welaýatynyň metbugat merkezi “ Türkistan Türk dünýäsiniň medeni paýtagty” taslamasynyň çäginde guraljak çäreleriň iş meýilnamasyna gol çekişilendigini habar berdi.

Dabara Günorta Gazagystanyň häkimi Janseýit Tüýmebaýew, TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Düsen Kaseinow we Gazagystanyň Medeniýet ministrliginin Medeniýet we sungat departamentiniň ýolbaşçysy Almaz Nuajan gatnaşdy.

“Türk dünýäsiniň paýtagty” çäreleriniň çäginde mart aýynda Türkistanda metbugatyň wekillerine TÜRKSOÝ tarapyndan baýrak gowşurlyş dabarasynyň geçiriljekdigi we nowruz baýramynyň gutlanjakdygy, şol sanda köp sanly medeni çäräniň geçiriljekdigi nygtaldy.

Hormatly diňleýjiler! Nobatda türk dünýäsini gyzyklandyrýan bir habarymyz bar.

Hazar deňiziniň hukuk derejesinin kesgitlenmegi üçin döredilen iş toparynyň 48-nji maslahaty Bakuwda geçirildi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Halef Seferowyň ýolbaşçylyk eden maslahatyna Russiýanyň, Eýranyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň resmileri gatnaşdy.

Halefow maslahatda sözlän sözünde Hazar deňiziniň hukuk derejesiniň kesgitlenmegi üçin şu günki güne çenli möhüm netijeleriň alynandygyny beýan etdi.

Prezidentleriň gatnaşmagynda şu günki güne çenli Aşgabatda, Tähranda, Bakuwda we Astrahanda 4 maslahatyň geçiriledigini ýatladan Halefow, Bakuwdaky we Astrahandaky maslahatlarda döwletlere degişli boljak suw giňişliginiň ininiň we Hazardaky hyzmatdaşlyk düzgünleriniň kesgitlenendigini aýtdy.

Halefow nobatdaky ýokary derejeli maslahatda Hazaryň hukuk derejesiniň doly kesgitlenmeginiň meýilleşdirilýändigini nygtap; “Şol sebäpli kenardaş ýurtlaryň Hazardan başga deňizlere we okeana erkin çykyşy, harby gämilerin başga ýurtlara degişli suw giňişliklerinden geçiş hukugy, kabel we turba geçirijileriň çekilmegi, Hazaryň düýbüniň bölünmegi ýaly ugurlarda ylalaşylmaly” diýdi.

Ýurtlaryň howpsyzlygyna zyýan ýetirmejek we sebitde durnuklylygyň güýçlendirilmegine goşant goşjak hukuk derejesi boýunça ylalaşylmalydygyny nygtan Halefow, ýaragly çaknyşyklaryň we basyp alyjy syýaszatlaryň öňüniň alynmagy üçin tagallalaryň birleşdirilmelidigini aýtdy.

Sowet Soýuzynyň dargamagyndan son Hazar deňizine kenardaş ýurtlar bolan Russiýa, Gazagystan, Türkmenistan, Azerbaýjan we Eýran Hazaryň hukuk derejesiniň kesgitlenmegi üçin gepleşiklere başlady. Prezidentler mesele boýunça birinjisi 2002-nji ýylda Aşgabatda, ikinjisi 5 ýyl soň Tähranda, üçünjisi 2010-njy ýylda Bakuwda, 4-njisi 2014-nji ýylda Astrahanda jemi 4 sany ýokary derejeli maslahat geçirdi.

Taraplar Hazarda harby güýjüň deňagramly bolmagy we ol ýere bäş ýurtdan daşgary döwletin harby güýç getirmezligi barada ylalaşyp, Hazar oazisiniň howpsyzlygy üçin hyzmatdaşlygyň dowam etmelidigini nygtapdy.

TSR-niň hormatly dostlary! Soňky habarymyz Tatarystandan… Syýahatçylyk pudagynda Tatarystana bolan gyzyklanmanyň artmagy Kazanda howa gatnawynda-da özüni görkezmäge başlady. 2016-njy ýylda Kazanyň halkara howa menzili 1,9 million ýolagçy kabul edip, taryhy rekord goýdy. Bu san 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 7 göterim ýokary.

Geçen ýyl Tatarystanyň paýtagtyndan Russiýanyň içinde we daşary ýurtlarda jemi 60 nokada uçuşlary amala aşyryldy. 

Russiýanyň içinde Ýekaterinburga guralýan saparlar 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 133, Kazan-Ufa-Surgut ugruna edilen uçuşlar bolsa 90,3 göterim artdy.

Russiýanyň dynç alyş merkezleri bolan Simferopol, Anapa we Soçi şäherleri meşhurlygyny artdyrdy. Degişli şäherlere edilen uçuşlarda-da taryhy rekord goýuldy.


Etiketkalar: paýtagt , Tatarystan , dynç , Soçi , Anapa

Degişli Habarlar