Aktual Analiz

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Siriýa meselesi boýunça geçirilen gepleşikler

665066
Aktual Analiz

Üstümizdäki aýyň 23-24-i aralygynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Siriýa meselesi boýunça geçirilen gepleşikler birnäçe jähtden başlangyç bolup durýar. İlki bilen bäş ýyldan bäri ýaragly göreş alyp barýan toparlar bilen Siriýanyň hökümetiniň wekilleriniň duşuşmagy we hüjümleriň bes edilmegi hem-de parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin ygtyýar beýan etmekleri iňňän möhüm başlangyç boldy. Eýsem mundan ozal Jenewa gepleşiklerine diňe syýasy oppozisiýa gatnaşypdy we hüjümleriň bes edilmegi meselesinde durnuksyz çemeleşipdi. İkinjiden bolsa Siriýada tertip-düzgüniň ýola goýulmagy üçin sebitleýin parahatçylyk isleginiň we tagallasynyň edilmegi. Şol çäkde Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň bilelikde hereket etmegi, onuň beýleki ýurtlardan hem goldaw tapmagy täze konýentural şertdir. Bu, şol bir wagtda sebitleýin durnuklylyk taýdan hem umyt döredýär. Beýleki bir möhüm tarapy bolsa halkara syýasatyň esasy meselelerinden biri bolan Siriýa meselesiniň Astanada ara alynyp maslahatlaşylmagy geosyýasy güýç deňagramlygynyň täzeden ugrukdyrylýandygynyň alamatlaryny görkezýär.

Astanadaky gepleşiklere siriýaly taraplardan başga; Türkiýäniň, Russiýanyň, Eýranyň wekilleri bilen birlikde BMG-niň resmileri gatnaşdylar. ABŞ bolsa gepleşiklere synçy hökmünde gatnaşdy. ÝB-ne agza ýurtlar bolsa täze tapgyr bilen boýunça garaş-gör syýasatyny saýlap alana meňzeýär. Bäş ýyldan bäri dowam edýän, 300 müňden gowrak adamyň pajygaly şertlerde ölmegine, millionlarça adamyň öýünden-öwzaryndan aýra düşmegine we ýurduň ýakylyp-ýykylmagyna sebäp bolan uruş soňunda bes edildi. Elbetde bu netijede Türkiýäniň Russiýa bilen bilelikde eýelän syýasy we diplomatik pozisiýasyny täsiri uly. 15-nji debarda halaplylaryň halas edilmegi bilen başlan ylalaşyk, 30-njy dekabrda Siriýada umumy ylalaşygyň yglan edilmegi bilen netijelendi we şeýlelikde Astanada parahatçylyk umydynyň gapysyny açdy.

Türkiýe halaplylaryň halas edilmegi bilen birlikde eden syýasy başlangyjy we eden diplomatik tagallalary bilen Siriýada parahatçylygy üpjün ediji we gönükdiriji pozisiýa eýeländigini görkezdi. Şol ygtyýaryny bir tarapdan terror guramalary PKK-PÝD-äni gepleşiklere gatnaşdyrman beýan eden bolsa, beýleki tarapdan-da Al Babdaky harby operasiýasy bilen öz howpsyzlygy boýunça eýelän pozisiýasy bilen görkezdi.

Astanada iki gün dowam eden gepleşikleriň netijesinde üç kepillendiriji ýurduň çap eden jarnamasynda şeýle diýilýär: Siriýanyň territorial bitewiligi, garaşsyzlygy we özygtyýarlylygy tassyklanmaly, Siriýa meselesiniň diňe syýasy we diplomatik ýollardan çözüljekdigi barada netijä gelindi, Ylalaşygyň dowam etmegi we oňa gözegçilik edilmegi üçin Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň üç taraplaýyn mehanizm döretmegi, Ýaragly oppozision toparlaryň Jenewada geçiriljek maslahata gatnaşmaklaryna goldaw bermek.

Jemläp aýdanymyzda Siriýada parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde jemlenşen Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň resmileri Siriýada ylalaşyk şertlerini güýçlendirmek üçin üç taraplaýyn mehanizm döretdi. Maslahatdan soň berilen “taraplaryň Siriýanyň territorial bitewiligine, garaşsyzlygyna we özygtyýarlylygyna sarpa goýýandyklary” baradaky beýannama möhümdir. Bu beýannama bilen Siriýada Obamanyň ýolbaşçylygyndaky Amerikan hökümeti tarapyndan döredilen we goldanan PKK-PÝD guramasy we DAİŞ ýaly guramalara ýol berilmejekdigini nygtaldy.

Astanada gazanylan bu netijelere laýyklykda yzgiderli parahatçylygy ýola goýmak we syýasy çözgüt tapmak üçin gepleşiklere 8-nji fewralda Jenewada dowam ediljekdigi habar berildi. Şeýlelikde Astana Jenewada yzgiderli parahatçylyk barýan ýoly açyp biler. Astanada ekilen parahatçylyk tohumy Jenewada miwe berip biler. Umytly bolmazlyk üçin uly sebäp ýok. Eger-de Jenewada syýasy çözgüt boýunça ylalaşyk gazanylan halatynda Siriýada 18 aýyň dowamynda BMG-niň gözegçiliginde saýlawlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar