Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün Teribi

Türk Geňeşi agzalary

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün Teribi

Türk Geňeşi agzalary taýdan Ýewraziýanyň ýagny Türkistanyň ykdysady we energetika syýasatynda hem serişde hem-de ugur taýdan möhüm pozisiýa eýeleýär. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Türk Geňeşinin agzalarynyň energetika potensialyny analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetinin Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýär.

Sowuk urşuň gutarmagyndan son entek tamamlanmadyk özgerliş we ösüş etabyna giren halkara ulgamdaky bu özgerlişiň hem-de ösüşin nähili tamamlanjakdygy doly kesgitlenip bilinmeýär. Emma käbir ýönelişleriň ýakyn geljekde uly ähmiýete eýe boljakdygy ikiuçsyz. Kapitalyň hereketleri, söwda gatnaşyklary we tehnologik ösüşler supranasional häsýete eýe bolup, günsaýyn ýaýbaňlanýar. Bu ýaýbaňlanma we onuň ýany bilen alyp gelen dykyzlaşma serhetaşa bähbit toparlaryny we dürli milletlere degişli raýatlary berk bähbit gatnaşyklary bilen biri-birine baglanşdyrýar. Şol çäkde Türk Geňeşi tejribesi dürli ugurlary bilen üstünde durulmaga mynasyp faktorlardan biri.

Türki dilli döwletleriň geňeşi, türki dilli döwletleriň arasynda giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen halkara guramasy hökmünde 2009-njy ýylda döredilýär. Türk Geňeşiniň esaslandyryjy agzalary Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy we Türkiýe. Türkmenistan hemişelik bitaraplyk derejesi sebäpli, Özbegistan bolsa käbir syýasy sebäplerden geňeşe agza bolmady.

Türk Geňeşi agzalary taýdan Ýewrasiýanyň ýagny Türkistanyň ykdysady we energetika syýasatynda hem serişde hem-de ugur taýdan möhüm pozisiýa eýeleýär. Gepleşigimiziň bu sanynda ilki bilen agzalaryň energetika potensiallaryny analiz ederis.

Azerbaýjan;

BP Statistikal Owerwiew 2016-a görä Azerbaýjan dünýädäki subut edilen nebit ätiýajynyň 0,4 göterimine eýe. Jemi ätiýajy bolsa 7 milliard barrel. 2015-nji ýylda günde 841 müň barrel nebit öndürdi we onuň 99 müň barrelini özi sarp etdi. 2015-nji ýylyň görkezijilerine görä tebigy gazda bolsa dünýä atiýajynyň 0,6 göterimine, jemi 1,1 trillion m3 ätiýaja eýe. 2015-nji ýylda 18 milliard m3 gaz öndürdi we 9,8 milliard m3 gazy özi sarp etdi. 7,8 milliard m3-a barabar bolan tebigy gaz eksportynyň 5,3 milliard m3-ny Türkiýä, 2,1 milliard m3-ny bolsa Ýewropa eksport etdi.

Gazagystan:

BP Statistikal Owerwiew 2016-a görä Gazagystan dünýädäki subut edilen nebit ätiýajynyň 1,8 göterimine eýe. Jemi ätiýajy bolsa 7 milliard barrel. 2015-nji ýylda günde 1669 müň barrel nebit öndürdi we onuň 271 müň barrelini özi sarp etdi. 2015-nji ýylyň görkezijilerine görä tebigy gazda bolsa dünýä atiýajynyň 0,5 göterimine, jemi 0,9 trillion m3 ätiýaja eýe. 2015-nji ýylda 12,4 milliard m3 gaz öndürdi we 8,6 milliard m3 gazy özi sarp etdi. Emma ABŞ-nyň Energetika maglumat dolanşygy edarasynyň berýän maglumatyna görä çykarylan gazyň belli bir mukdary tebigy gaz önümçiligi üçin sarp edildi we uly mukdarda gaz eksport edilmedi. Hytaýa we Russiýa wagtal-wagtal az mukdarda hem bolsa tebigy gaz eksport edilýär. Şol ýurtlaryň Türkmenistan bilen bolan tebigy gaz turba göterijileriniň ugrunda ýerleşmegi hem Gazagystanyň pozisiýasyny tebigy gaz taýdan güýçlendirýär.

Gyrgyz Respublikasy:

Gyrgyz Respublikasy energetika serişdeleri taýdan baý ýurt däl. Şol sebäpli artykmaç maglumat tapmak kyn. ABŞ-nyň Energetika maglumat dolanşygy ederasynyň başda durmagynda degişli ederadyr guramalaryň neşirlerine görä Gyrgyz Respublikasynda nebit we tebigy gaz tas ýok diýlen ýaly. Beýlekilere görä sarp edilýän nebit we tebigy gaz import edilýär.

Türkiýe:

“Türkiýe Nebitleri Anonim Ortaklygynyň” (TPAO) 2016-njy ýylda baradaky Çig nebit we tebigy gaz pudak habarnamasyna görä; 2015-nji ýylda Türkiýede günde 51 müň barrele golaý nebit öndürildi. Günde 796 müň barrel çig nebit bolsa sarp edildi. Günde 503 mün barrele barabar bolan çig bebit importy, 242 müňe barbar bolsa işlenen önüm eksporty amala aşyryldy. 2015-nji ýylda ýerli çig nebit önümçiliginiň jemi sarp edilişe bolan gatnaşygy 6,4 göterime deň boldy. Türkiýäniň 2015-nji ýylda ýerli tebigy gaz önümçiliginiň sarp edilýänine bolan gatnaşygy soňky 10 ýylyň iň pes derejesine deň bolup, 0,8 göterime barabar. 2008-nji ýylda 1 milliard m3-a barabar bolan tebigy gaz önümçiligi, 2015-nji ýylda 398,7 million m3-a çenli azaldy. Başga bir söz bilen aýdylanda nebitde importa garaşlylyk mukdary 93,6 göterime deň bolan Türkiýäniň, tebigy gazda importa bolan garaşlylygy 99,2 göterim.

Jemläp aýdanymyzda bileleşige agza ýurtlaryň umuman tebigy gazda ýetmezçiligi bar bolsa, nebitde artykmajy bar. Tebigy gazdaky ýetmezçiligiň öwezi gaýtadan işlenip bilinýän energetika pudagyna goýuljak maýa goýumlary bilen dolunyp bilnen halatynda geňeş öz energetika meselesini çözüp biler. Türk geňeşi köp sanly hökümetara medeni we hyzmatdaşlyk guramalarynyň utgaşyklygyndan jogapkär ýokary gurama hökmünde ykdysadyýet we energetika potensiallary taýdan ÝB-ne meňzeş gurluşa eýe bolup biler. Emma agza ýurtlaryň bar bolan ykdysady, syýasy güýji we global kontenktura sebäpli ol uzak möhletli maksat hökmünde seljerilmeli.



Degişli Habarlar