Dost-Doganlygyň Taryhy

Türk kinosy 100 ýaşynda

Dost-Doganlygyň Taryhy

 „Aýastefanos ýadygärliginiň ýykylmagy“ ilkinji türk kinosy hasap edilýär we şol günden bäri ylaýyk 100 ýyl geçipdir. Şeýlelik bilen türk kinosy geçen şol 100 ýyllyk ýolunyň toýyny toýlaýar.

 

          Osman imperiýasynyň agalyk edýän topraklarynyň çäklerindäki adamlar, türkleriň „ak perde“ diýip atlandyrýan döwrüniň gelp ýetmegi netijesinde, kino sungaty bilen tanyşmaga başlaýarlar. Muhsin Ertugrul we Ýeşilşçam döwründe, has soňraky ýyllarda bolsa täze müňýyllygyň gelip ýetmegi bilen badalga alan türk kino sungaty, dünýäde bar bolan iň gadymy milli kino sungatlarynyň arasynda öz ornyny eýeleýär.  

 

          Osmanly döwleti, “Ýyldyz saraýynda” ilkinji gezek kinofilm görkezmek bilen öz döwletiniň çäklerinde ýaşaýan halkynyň “jadyly dünýä” bilen tanyşmagyna mümkinçilik döredýär.  

 

          Türk kinosy özüniň ilkinji ädimini 1–nji jahan urşynyň başlan günlerinde, Fuat Uzkynaýyň ýolbaşçylygynda, 1914–nji ýylyň 14–nji noýabrynda, syýasat ýöretmek maksady bilen “Aýastefanosdaky rus ýadygärliginiň ýykylmagy” atly filmi bilen başlady. 1915–nji ýylda şol döwrüň goranmak ministri Enwer patyşanyň buýrugy bilen Merkezi goşun kino müdürligi döredilýär we Türkiýä iş sapary bilen gelen imperatorlaryň syýahatlary we gysga hekaýalar esasynda kinifilmer surata düşürilmäge başlanýar.

 

          1916–njy ýylda „Himmet aganyň öýlenişi“ ýaly birnäçe film surata düşürilmäge başlanan hem bolsa, uruş sebäpli gutarylman galýar. Şonyň üçin hem soňky ýyllarda kinofilm görnüşinde doly we öz wagtynda surata düşürilen ilkinji türk filmi hökmünde „Penje“ we „Içaly“ filmkleri agzalyp geçilýär. Türk kino sungatynyň ilkinji komediýa filmi „Bijan tagsyr“ 1921–nji ýylda surata düşürilýär.  

 

          Ilkinji gezek hususy kinostudiýnyň döredilmegi täze çygyryň açylmagyna sebäp bolýar. Muhsin Ertugrul, daşary ýurtda gazanan tejribesi bilen köp ýyllaryň dowamynda türk kinosynda ýeke özi işläp, uly üstünlikler gazanýar. Ilkinji gezek türk zenanlarynyň oýnan filmi bolan „Otdan köýnek“ hem onyň eserleriniň biridir.

 

1934–nji ýylda, Ertugrulyň „Hohutçy Horhor aga“ filmi ilkinji gezek Wenetsiýada geçirilen halkara kino festiwalynda türk kinosyna „Hormat hatyny“ getirýär.

Ikinji jahan urşynyň ýetiren oňaýsyz täsirleri sebäpli türk kinofilmleriniň ýerini daşary ýurt filmleri eýelemäge başlan hem bolsa, 1948–nji ýylda „Ýerli kino düşürijiler jemgyýetiniň“ geçiren ýaryşy türk kino sungatynyň täzeden döremegine sebäp boldy.

Ýigriminji asyryň ikinji ýarymy türk kino sungatynyň „altyn döwri“ hasap edilýär. Kinorejisýor Ömer Lütfi Akadyň 1949–njy ýylda düşüren „Wuryň ýoldan çykany“ atli filmi bu sungatyň täze öwüşgün bilen pajarlap ösmegine getirýär.

 Filimleriň döredilmegindäki önjeýlilik baryp ýetjek derejesine ýetenden soňra, 1960–njy ýyllarda türk kinosy milli öwüşgüne eýe bolýar. Döredijilik, öndürijilik we kinofilmleriň halka ýetirilişindäki gazanylan üstünlikler sebäpli bu döwür „altyn döwür“ adyny alýar we 1963–nji ýyldan başlap reňkli filmleri düşürilmäge başlanýar.

Türk kinosy özüniň ilkinji „Altyn pyrtykal“ we „Altyn aýy“ baýraklaryny hem ýokarda agazlyp geçilen „altyn döwürde“ alýar. 1964–nji ýylda, Berlinde geçirilen film festiwalynda, Metin Erksanyň „Suwsyz tomus“ filmi „Altyn aýy“ baýragyna mynasyp bolýar. „Suwsyz tomus“ filmi baýraga mynasyp bolmak bilen çäklenmän, eýsem  türk kinosynyň şol asyrdaki iň oňat filmi saýlanýar. Edil şol ýyl hem Antalýa film festiwaly bolan „Altyn pyrtykalyň“ birinjisi geçirilýär.    

1965–nji ýyldan başlap 5–6 günde düşürilip tamamlanýan kinolaryň surata düşürilmäge başlan we öz gezeginde „tiz taýyn“ adyny alan kinofilmeriň bolçulyk döwri başlaýar.   

Kino sungatynda dürli–dümeniň köpelen döwründe, öýlere telewizorlaryň gelmegi bilen kino gitmekligiň azalan wagty, 1970–nji ýyllarda, ondan öň surata düşürülen, Uzak Gündogarda we Balkan döwletlerinde ürç edilip görülýän kinofilmleriň hili „tiz taýyn“ filimler sebäpli pese gaçýar we türk kino sungaty kyn döwürleri başdan geçirmäge başlaýar. Şol sebäpli hem „Malkoçoglu“, „Tarkan“ we şoňa meňzeş başdangeçirme, erotika ýaly hili pes kinofilmleriň dörän döwri bolýar. Her neneňsi bolsa hem şol döwürde surata düşürilen „Serwi boýlym, al ýalyklym“, „Sensiz ýaşap bilmen“, “Umyt“  filmleri şol döwürde hili babatynda ünsi özüne çeken filimlerdir.  

          Kino sungatynda ýatlap geçilmeli döwürleriň biri hem 1980–nji ýyllar bolup, bu ýyllarda kino sungatyna „döwlet agdarlyşyklary“ öz täsirini ýetirýär we döredilip halk köpçüligine hödürlenýän kinofilmleriň sany azalýar.

          Emma, „döwlet agdarlyşyklarynyň“ täsiri uzak dowam etmeýär we 1984–nji ýyldan başlap filimleriň sany 100 geçmäge başlaýar. Täze müňýyllygyň gelip ýetmegi bilen kino sungatynda müňýyllygyň bereketi orta çykýar we türk kino sungaty ýokary sepgitlere ýetýär. 2000–nji ýyllarda gazanylan ilkinji üstünlik Bilge Jeýlanyň „Uzak“ kinofilmi 2003–nji ýylda Kann şäherinde geçirilýän festiwalda Emin agzalarynyň „Uly baýragyna“ mynasyp bolýar. Esasan hem 2005–nji ýyldan başlap surata düşürilýän kinofilmleriň sany artmaga başlaýar we türk kino sungatynyň 100 ýyllygy mynasybetli iň oňat 100 filmi saýlamaga gezek gelen wagty „Garakçy“, „Hababam synpy“, „Düýeleriň söýgisi“, „Kanunyň adyndan“, „Hammam“ ýaly kinofilmleri köp sanly kinofilmleriň içinden saýlap almak o diýen aňsat hem bolmandy.



Degişli Habarlar