Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün Tertibi

Häzirki döwürde maglumtlara we jemgyýetçilik guramalaryna esaslanýan diplomatik çäreler jemgyýetçilik diplomatiýasy hökmünde häsýetlendirilýär

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün Tertibi

Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Türkiýäniň Türkistan boýunça jemgyýetçilik diplomatiýasyndaky üç sany esasy guramanyň (TRT-niň, TİKA-nyň we Metbugat, Neşirýat we Maglumatlar Edarasynyň” alyp barýan işlerini analiz etmekçi.

Türkiýe 2000-nji ýylyň başyndan bäri taryhy we medeni mirasyna laýyklykda köp taraply daşary syýasat alyp barýar. Şol çälde jemgyýetçilik diplomatiýa hem daşary syýasatyň esasy serişdelerinden birine öwrüldi. Şol nukdaý nazardan ugur alyp biz hem Türkiýäniň Türkistan boýunça jemgyýetçilik diplomatiýasynda üç esasy esasy guramanyň (TRT-niň, TİKA-nyň we Metbugat, Neşirýat we Maglumatlar Edarasynyň” alyp barýan işlerini döwletler we sebit derejesinde analiz etmekçi.

TİKA-nyň Gazagystanda bilim pudagynda alyp barýan işleriniň hatarynda ýurtdaky mugallymlara we talyplara hünär öwrediş semirnarlaryny guramak, umumy ýaşaýyş jaý binalaryny, serwis ulaglaryny, dürli enjam goldawyny bermek ýaly işler bar. Saglygy goraýyş pudagynda; gazak lukmanlaryna öz ugurlary boýunça okuw-seminarlaryny bermek, saglygy goraýyş edaralaryna enjam goldawyny bermek we rehabiliýatasiýa ýaly işleri geçirmek ileri tutulýar. Dolanşyk we jemgyýetçilik infrastrukturasynda; Gazagystanyň Döwlet personal dolanşygy merkeziniň hünärmenleriniň we Gazagystanyň Milli bankynyň hünärmenlerine tälim bermek, terjime merkeziniň açylmagy we terrorçylyga garşy hyzmatdaşlyk ýaly işler bar. Bulardan daşgary türk jemgyýetçilik guramalaryna degişli enjam we gural kömeginiň berilmegi, şikestli raýatlara serwis üpjünçiliginiň döredilkmegi, mekdep, kitaphana we naharhana ýaly ýerlere enjam, mebel we tehniki üpjünçilik goldawynyň berilmegi ýaly işler dowam etdirilýär. Aragatnaşyk pudagynda Türk dünýäsi bilen bagly dokumental filmleriň düşürilmegine we neşirlere goldaw bermek we ekerançylyk pudagynda bolsa miwe we pagta önümçiligi boýunça hyzmatdaşlyk etmekde TİKA-nyň goşandy bar.

TİKA-nyň Gyrgyz Respublikasynda bilim pudagynda alyp barýan işleriniň hatarynda mekdeplere esbap, mebel we kitap goldawynyň berilmegi, şol mekdepleriň abatlanmagy, umumy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we “Halkara Taryhdan biziň günlerimize gyrgyz-türk gatnaşyklary halkara maslahatynyň” guralmagy ýaly iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary şöhlelendirjek ylmy-amaly maslahatlara goldaw bermek bar. Saglygy goraýyş pudagynda dürli enjamlaryň we materiallaryň alynmagyna goldaw bermek, şol hassahanalaryň abatlanmagy ýaly işler ileri tutulýar. Agyz suwy we suwy aýawly saklamak boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär. Dolanşyk we jemgyýetçilik infrastrukturada prokurorlara we döwlet geňeşiniň hünärmenlerine, şol sanda ýokary derejeli býurokratlara okuw-seminarlarynyň berilmegi, döwlet edaralaryna tehniki enjamlaryň berilmegi, Mesheti türkleriniň we uýgurlaryň jemgyýetçilik guramalaryna berilýän goldawlary ünsleri özüne çekýär.

TİKA-nyň saglygy goraýyş pudagynda Özbegistanda alyp barýan işleri ýokary depginde dowam edýär. Lukmanlara tälim bermek, ýüzlerçe çaganyň saglyk barlagyndan geçirilmegi we operasiýa edilmegi, müňlerçe adama saglyk hyzmatlarynyň berilmegi ýaly işler bu ugurda ünsleri özüne çekýär. Garrylar öýlerine, jemgyýetçilik guramalaryna goş-golamlaryň berilmegi ýaly işlerden ybarat. Aragatnaşyk pudagynda dürli jurnallaryň çap edilmegine goldaw bermek, ekerançylyk we syýahatçylyk pudaklarynda guralan iş saparlary we okuw-seminarlary TİKA-nyň Özbegistandaky beýleki işlerini emele getirýär.

TİKA Türkmenistanda bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, tokaý hojalygy, ekerançylyk we maldarçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly ugurlarda iş alyp barýar. Şeýle-de dolanşyk we jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk hem-de şol ýerlerde işleýän hünärmenlere tälim bermek ýaly ugurlar bilen türbetleriň abatlanmagy hem TİKA-nyň alyp barýan işleriniň hatarynda.

Media pudagynda sebit boýunça alynyp barylýan esasy işlerden biri Metbugat, neşirýat we maglumatlar edarasynyň (BÝEGM) sekretariýatyny ýerine ýetirýän Türki dilli döwletleriň Media platformasydyr (TÜRKMEP). 2010-njy ýylda BÝEGM we Daşary işler ministrliginiň hyzmatdaşlygynda wagtyň geçmegi bilen däbe öwrülken TÜRKMEP-iň döredilmegini üpjün etdi. Türk geňeşine agza ýurtlaryň Prezidentleriniň 4-nji maslahatynda kabul edilen kararlara laýyklykda geljekki ýyllarda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň çäginde döredilmegi meýilleşdirilýän “Türk dünýäsiniň habarlar ýaýlymynyň” özenini hem TÜRKMEP emele getirer.

BÝEGM tarapyndan sebit boýunça alynyp barylýan işlerden biri hem Türk media tälim maksatnamasydyr. Maksatnama ýaş media işgärleriniň Türkiýede okuw-semirnarlaryny geçip, Türkiýäni ýakyndan tanamaklary nazarda tutulýar. Şeýle-de TRT-niň Bilim Departamenti tarapyndan geçirilen Halkara media tälim maksatnamasyna orta aziýaly media işgärleriniň gatnaşygy BÝEGM tarapyndan üpjün edilýär.

2009-njy ýylyň 21-nji martyndan bäri ýaýlymyny dowam etdirýän Türk dünýäsiniň sesine öwrülmegi maksat edinýän TRT Awaz Türkiýäniň sebit boýunça iň esasy taslamalaryndan biri. Ýaýlymda gazak, gyrgyz, özbek we türk dilleri bilen birlikde Azerbaýjan türkçesinde we boşnýak dillerinde ýaýlymlar berilýär. ýaýlymda belli türk seriallary dürli türki dillerde efire berilýär. “Anadoly” habarlar gullugynyň rus dilindäki ýaýlymy bolsa Türkiýäniň sesini sebite ýetirýän beýleki bir ýaýlym. Şeýle-de TRT-niň Daşary ýurt ýaýlymlary departamentinde dürli türki dillerde berilýän radio we internet ýaýlymlary hem bu ugurdaky jemgyýetçilik diplomatiýa serişdesidir.


Etiketkalar: metbugat , edara , maglumatlar , neşiriýat , TIKA , TRT

Degişli Habarlar