Dost-Doganlygyň Taryhy

ÇUWAL BAGŞY (Magtymguly Garlyýew)

Dost-Doganlygyň Taryhy

Oňa Çuwal bagşy diýerdiler. Ol edil aýdym–sazyň çuwaly ýalydy. Ykbal her kime bir hili peşgeş berýar. Emma, Magtymguly Garlyýewe ykbalyň beren peşgeşini ol hiç haçan gaýtalanmajak, hiç haçan unudulmajak ömürdi. Öz ömüri bilen iliniň mertebesini arşa göteren ogullar asyrlaryň dowamynda bir gezek dünýä inýär. Magtymguly Garlyýew hem külli türkmeniň hut şeýle ogullarynyň biri boldy.

      Magtymguly Garlyýew 1889–ncy ýylda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Onbegi obasynda eneden doguldy. Alili tiresinden bolan bagşa soň soňlar il arasında Alili bagşy hem diýýärler. Ol yaşlykdan saz çalmagy Meşhur Şükür bagşydan öwrenýär. Magtymguly Garlyýew ilki bilen Kakaly bagşı Çary Çepbä şägirt bolup,  soňra Ahalda meşhur Gylyç bagşydan talim alýar.

      Ol 15–20 ýaşlaryndan soň özbaşyna toý sowup başlaýar. Ol ýaşlykdan öz obadaşlaryndan bir baýyň gyzyna aşyk bolýar. Onun adyna aýdymlar döredýär. Emma bu ýagdaý gyz tarapdakylaryň göwnüne ýaramaýar. Olar bagşa ýamanlyk etmegi yüregine düwýärler. Bagşy ahyrynda öz dogduk mekanyny taşlap Türkmenistanyn Daşhowuz welaýatyna gitmäge mejbur bolýar. Ýüregi aýdym bilen dolup daşan Magtymgulynyň ýurdyny terk etmage mejbur bolanda Daşhowuza gitme karary almasynyň esasy sebäbi–de bu ýerdäki dessançy bagşylary diňlemek we olardan talim almak arzuwyndan bolsa gerek. Ol Ýylanlynyň Kürt obasynda Allanur aga diýen biriniňkä gelýär. Bu ýerde Atabaý bagşy bilen tanyş bolýar. Onun bilen toýlara gatnaşýar. Dessançy läheňleri diňläp ýören il ony ilkibada baş bagşy hökümünde ykrar etmeýär. Şonun üçin ol Atabaý kelden “Şasenem Garyp”, “Saýatly Hemra”, “Döwletýar” dessanlaryny, Çowdurlaryň bagşysy Saparbaý Çomakdan “Görogly” şadessanynyň birnäçe şahalaryny Nazar bagadan “Hürlukka Hemra”, “Yusup Ahmet” yaly dessanlary öwrenýär. Soňra Ahal Mary heňleri bilen Daşhowuzly bagşylaryň heňlerini goşup ikisinden taze bir heň ýasaýar oňa soň soňlar “Alili bagşynyň yoly“ diýýärler.

     Magtymguly Garlyýewiň ýanynda ilki ilkiler Haýytguly, Pirnazar, Agamyrat diýen gyjakçylar saz çalypdyrlar. Haçanda 1926 ýyldan soňra ol ussat gyjakçy Sapar Bekiýew bilen tanyşýar. Soňra olar tä ömürleriniň ahyrlaryna çenli bile tirkeşýärler. Bu ullakan daragytyn iki şahasyny bir birinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Külli türkmeniň guwanjyna öwrülen bagşı bilen sazandanyň türkmen aýdym–saz sungatyna goşan göşandyny hiç zat bilen deňäp bolmaz. Olar şol sungaty bilen birlikte halkınıyň kalbynda müdimilik orun alyp galdylar.

      Adygyp barýan Magtymguly Garlyýew şol wagytlar galagoply döwürde çarp urup yören Cüneyt hanyň hem nazaryna ilýär. Ony guma çagyrdyp han aýdym aýtdyrypdyr. Şonda üç gije–gündizläp bir aýdymy iki gezek gaýtalamany aýdypdyr. Şondan soňra oňa “Çuwal bagşy” diýen at galypdyr diýen gürrüňler hem bar. Dogrudan hem halypa bagşy “Görogly” şadessanynyň on şahasyny ýigrimiden gowyrak dessany bäş yüzden gowyrak aýdymy ýattan bilýär ekeni. Ol klassik şahyrlar Magtymgulynyň, Magrupynyň, Şabendäniň, Seýdiniň, Zeliliniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Matäjiniň we beýleki şahyrlaryň köp goşgylaryny ýatdan aýdym edip aýdypdyr. Hatta türkmen edebiýatıynda köp sanly şahyrlaryň eserleriniň janlanmagyna, halk köpçülügüne yetmeginde ussadyn bitiren hyzmatlarynyň ulydygyny aýratyn bellemeli.

1936–njy ýylda bagşy sazandalaryň uly topary Moskwa äkidilip, şol ýerde ses ýazgysy geçirilýär. Şonda Magtymguly Garlyýewiň 14 aýdymy plastinka yazdyrylýar. 1938–nji ýylda Magtymguly Garlyýew “Türkmenistanyň at gazanan bagşysy” diýen at berilýär. 1930–1940–njy ýyllar aralygynda Magtymguly Garlyýew Daşhowuzda aýdym saza höwesli ýaşlary ýygnap yörite aýdym–saz ansambylyny döredýär. Onuň aýdym–saz toparynda başda 18 adam bolan bolsa, soňra 40–a çenli baryp ýetýär. Onuň şägirtleri soňra Türkmenistanyň at gazanan bagşysy adyna eýe bolan İlaman Annaýew, Gurban Seýitmädow, Sülgün Meretgeldiýewa, Akjagül Myradowa, Tüýli Otuzow ýaly ençeme zehinleriň adyny tutmak bolar. İkinji Dünýä Söweşiniň başlaması bilen beýik ussadyň aýdym–saz sungatynda başlan bu halypalyk döwrine ara bermeli bolandygyna garamazdan uruşyň yz ýany Türkmenistanın dört künjeginde we Stavrapol ülkesinde Garagalpakystanda undulmajak konsert programmalary bilen çykyş edendigini de belläp geçmek gerek.

Magtymguly Garlyýeň öz döňrünüň halypa bagşylary Nazar baga, Pälwan bagşy, Öre Şyh, Sahy Jepbar, Pürli aga, Geldi Ugurly, Giçgeldi Amanow we beýlekiler bilen ýakyndan gatnaşyk saklap häli şindi duşuşypdyr. Bu zehinleriň arasynda Magtymguly Garlynyň sarpasy uly bolandygyny türkmeniň ägirt aýdym–saz ussady Sahy Jepbaryň “Çuwal bagşy adynyň hakyky  eýesidir” diýen jümlelerinden de görmek bolýar. Ol saz sungatyny ösdürmekte bitiren hyzmatlary üçin hormat hatlarynyň, medallaryň birnäçesi bilen sylaglandy.Ýöne oňa iň uly sylagy undulmajak özboluşle sesi bilen hyzmat eden mahriban  halky berdi. Magtymguly Garlyýew 1957–nji ýylda aramyzdan aýryldy. Ýöne onuň aýdym–saz sungatyna goşan goşandy “Alili ýoly” adı bilen türkmen saz sungatyna getiren aýratıyn ýoly türkmeniň kalbynda öçmejek yz galdyran, günümüzde hem söýülip diňlenen aýdym saz ussadydyr. Çuwal bagşy türkmeniň buýsanjy we aýdym–saz sungatynyň muştaklarynyň müdümilik halypasydyr.



Degişli Habarlar