Aktual Analiz

Näme üçin prezident dolanşygy ulgamyna geçilmeli?

Aktual Analiz

Bu soraga jogap berip bilmek üçin ähli zatdan ozal Prezident dolanşygy ulgamyna gowy düşünmek gerek. Bu ulgama gowy düşünmek üçin parlamentar ulgam bilen bilelikde deňeşdirilmeli we iki ulgamyň amatly hem-de amatsyz taraplary seljerilmeli. Biz hem synymyzda bu meseläni analiz etmäge synanşmakçy. Prezident ulgamy parlamentar ulgama seredilende güýçli dolandyryş isleginiň netijesinde ýüze çykdy. Bu ulga güýçleriň özbaşdaklygynyň mizemez ulgamy hökmünde atlandyrylýar. Onuň şeýle atlandyrylmagynyň käbir sebäpleri bar. Birinjisi halkyň baştutanynyň parlamentden çykman, halk tarapyndan saýlanmagy. İkinji prezidentiň we ýerine ýetiriş ygtyýarynyň beýleki agzalarynyň mejlisiň işine işjeň gatnaşmaklarynyň mümkin bolmanlygy. Üçünjisi bolsa kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji güýçleriň serişdelerini hem-de yzgiderliligi taýdan biri-birinden garaşsyz bolmagy. Şol sebäpli bir başly, ýagny prezident dolanşygy ulgamy güýçleriň özbaşdaklygy teoriýasyny iň ýerlikli berjaý edýän ulgamdyr. Şeýle-de bu ulgam güýçleriň özbaşdaklygynyň mizemez ulgamy bolmak bilen birlikde, güýçleriň biri-birine gözegçilik etmegine we deňagramlygy üpjün etmegine esaslanýan hökümet ulgamydyr.

Şeýlelikde prezident dolanşygy ulgamynda dolanşygyň güýji halka esaslandygy üçin durnuklylygy üpjün etmek, güýçli dolanşyk döretmek we demokratik bolmak taýdan beýleki ulgamlardan asgyn görülýär. Bu ulgamda dolanşygyň bir merkezli gurluşa eýe bolmagy sebäpli agyr we durgun döwlet gurluşlary hem-de garşy durýan býurokratiýa eýe bolan parlamentar ulgama seredilende hyjuwly we ýeňillik bilen mobilizlenme özboluşlygyna eýe, çözgüt tapma mümkinçiligi bolan syýasy ulgamdyr. Emma beýleki tarapdan kanun çykaryş we dolanşyk arasynda düşnüşmezlik potensialyna eýe bolmagy, mizemez bolmagy we häkimiýeti şahsylaşdyrmagy taýdan kemçilikleri bar. Şeýle-de prezidentlik ulgamy durnuklylyk we funksiýasy taýda-da parlamentar ulgama görä asgyndyr. Muňa garamazdan parlamentar ulgamyň prezident ulgamyna seredilende geçirimli bolmagy, ýagny toparlanşyklara ýol bermezlik taýdan ukyply bolmagy.

Taryhy jähtden ser salanymyzda soňky 60 ýyllyk respublika taryhynda parlamentar ulgamyň ýüze çykaran kynçylyklaryna türk milleti köp şaýatlyk etdi. Koalisiýaly hökümetler we olaryň sebäp bolan durnuksyzlyklary netijesinde ýüze çykan ykdysady çökgünlikler we harby agdarlyşlyklar milletiň ýadynda öçmejek yz galdyrdy. Şol sebäpli “syýasy durnuklylyk” adalgasy türk syýasy taryhynda yzgiderli ýagdaýda nygtalýan adalga öwürldi. Aslyna seredilende 2007-nji ýyldaky özgertme bilen prezidentiň halk tarapyndan saýlanma usulynyň getirilmegi täze bir dolanşyk düzgüniniň ýola goýulmagy taýdan möhüm öwrülşik nokadydyr. Çünki mundan beýläk ýokarda beýan edilen kynçylyklar sebäpli Türkiýäniň hökümet ulgamy parlamentarizmiň ýörelgesinden uly görwrümde tapawutlandy. Köp sanly syýasaty öwrenijiniň pikiriçe Türkiýäniň dolanşyk ulgamy häzirki şertlerde ýarym prezident ulgamyna öwrüldi.

Prezident dolanşygy ulgamynyň Türkiýe üçin bähbitli ýa-da zyýanly taraplaryny ähli taraplaýyn seljerip bileris, hat-da şu günlerde has köp seljermek ýerlikli bolar. Bähbidini-zyýanyny hasaba almanymyzda-da prezident dolanşygy ulgamynyň Türkiýe üçin haýsydyr bir bökdençlige sebäp bolmajakdygyny aýdyp bileris. Türkiýe bu ulgama parlamentar ulgamdan has gysga möhletde uýgunlaşyp biler. Beýleki tarapdan 1982-nji ýyda kabul edilen konsitutsiýanyň prezidente berýän ygtyýary Türkiýäniň halky artykmajy bilen özleşdirdi. Türkiýede prezidente meňzeýän döwlet baştutany syýasy taýdan jogapkärçiliksizdir; güýçli parlament arifimetikasyna eýe bolan premýer ministr üçin hem şol şertler döredilen. Meselä diňe şu jähtden garanymyzda-da prezidentlik ýa-da partiýaly döwlet baştutanlygy ulgamyna geçmek hem iş ýüzündäki şertleri hukuky şertlere öwürmek manysyny aňladar. Ýagny Türkiýe prezident dolanşygy ulgamyna geçen halatynda görmedik ulgamyna däl, birnäçe tarapdan tejribede bar bolan ulgamy kabul etdigi bolar.

Türkiýe üçin iň amatly hökümet ulgamy haýsydyr diýlen soragyň jogabyny peýdasy ýa-da düşýän gymmaty taýdan seljermek ýerlikli bolar. Her bir syýasatda pursatlary we howplary, güýçli hem-de ejiz taraplaryny ýerlikli seljermek gerek. Parlamentar we prezident ulgamlarynyň özüne mahsus ýeňillikleri we howplary bar. Mysal üçin prezident dolanşygy ulgamy durnuklylyk taýdan parlamentar ulgama görä has güýçlidir. Emma parlamentar ulgamyň prezident ulgamyna görä ýeňilligi egilşikli bolmagy, ýagny bölünşiklere sebäp bolmazlygy. Peýda we düşýän gymmaty taýdan deňeşdirilende; Türkiýe içeri we daşary syýasatda çylşyrymly we gyssagly meseleler bilen göreşýär. Prezident ulgamy içeri we daşary syýasatda kararlaryň has çalt kabul edilmegine şert döredip, Türkiýäniň güýjüniň we pozisiýasynyň berkidilmegine amatly mümkinçilik berip biler. Şeýlede hasabat bermek we beýleki jähtlerden demokratiýa has bap gelýän prezident ulgamy Türkiýäniň syýasy taryhyndaky Mejlisiň we dolanşygyň gardyşa öwrülmegine hem-de dolanşygyň çykgynsyzlaşmagyna sebäp bolan bökdençlikleriň çözülmegine we güýçleriň biri-birine gözegçilik etmegine goşant goşup biler.

Jemläp aýdanymyzda prezident dolanşygy ulgamy Türkiýäniň 80 ýyldan gowrak wagt bäri duçar bolýan ykdysady, jemgyýetçilik we syýasy kynçylyklaryna çözgüt tapma potensialyna eýedir. Parlamentar ulgamda gatlaklaşan bu meselelerin çözülmegine prezident ulgamy arkaly mümkinçilik berilmegi gerek. Türkiýäniň ähli taraplaýyn öňüniň açylmagy şuňa bagly bolar.



Degişli Habarlar