Türk Dünýäsinden Habarlar

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Türk dünýäsinin dürli sebitlerinden gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirmekçi

Türk Dünýäsinden Habarlar

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dilomatik gatnaşyklar 25-nji ýylyny tamamlady.

Türkiýe 1991-nji ýylyň 30-njy awgustynda garaşsyzlygyny yglan eden Azerbaýjan Respublikasyny 1991-nji ýylyň 9-njy noýabrynda ykrar eden ilkinji döwlet boldy. Diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 14-nji ýanarynda açyldy we Bakuwda başkonsullyk hökmünde iş alyp barýan wekilhana ilçihana derejesine göterildi. Türkiýäniň Azerbaýjanda şeýle-de Nahiçewan Awtanomiýasynda we Genje şäherinde başkonsullyklary iş alyp barýar. Azerbaýjanyň bolsa Türkiýede Ankara şäherinde ýerleşýän ilçihanasy bilen birlikde Stambul we Kars şäherlerinde başkonsullyklary bar.

Türkiýäniň Azerbaýjan bilen bolan gatnaşyklary köp taraply we strategik derejede. Ýokary derejede we ýygjam dowam edýän iki taraply saparlar, gatnaşyklaryň arkasynda durýan itikleýiji güýçdir. İki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň iş başyna gelenden soň ýa-da simwoliki häsýete eýe bolan wakalardan soň beýleki ýurda ilkinji nobatda sapar guramaklary görnüşiden asylly däp ýüze çykdy.

Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň açylmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Prezident R.T.Erdogana gutlag ýüzlenmesini ugratdy.

Prezident Aliýew ýüzlenmesinde şeýle diýýär: “1992-nji ýylyň 14-nji ýanwary Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gataşyklaryň açylan günüdir. Bu şanly waka mynasybetli sizi gutlaýaryn, dost we dogan türk halkyna hoş niýetli we içgin arzuwlaryny ýetirýärin.

Garaşsyz Azerbaýjanyň taryhynda doganlyk Türkiýe diplomatik gatnaşyk açan ilkinji ýurdumyz. Halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar çuňňur taryhy geçmişden gözbaş alýar. Geçen ýyllaryň dowamynda “bir millet-iki döwlet” ýörelgesi dünýäde deňi-taýy bolmadyk Azerbaýjan-Türkiýe gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny öz içine aldy.

Türkiýe-Azerbaýjan arkalaşygynyn mundan beýläk hem halklarymyzyň bähbitlerine laýyklykda güýçlenip, ösjekdigine doly ynanýaryn.”

 

Türkmenistanda maýa goýumlary 2017-nji ýylda-da dowam eder.

2016-njy ýylda maýa goýum býujetiniň esasy bölegini paýtagt Aşgabatda gurulan Olimpiada şäherjigi üçin bölüp beren Türkmenistsan, 2017-nji ýylda 873 sany täze desgany gurmagy meýilleşdirýär.

Sentýabr aýynda geçiriljek 5-nji Aziýa oýunlary üçin paýtagt Aşgabatda bina edilen sport desgalarynyň gurluşygynyň esasy bölegini türk firmalary ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin taýarlan býujetinde-de gurluşyk pudagyndaky maýa goýumlary üçin 42,7 milliard manat bölüp berdi. Maýa goýum býujetiniň 34,9 milliard manady önümçilik maksatly desgalar, 7,8 milliard manady bolsa sosial maksatly desgalaryň gurluşygy üçin sarp ediler.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti barada berilen beýannamalarda Türkmenistanyň hususy pudagynyň senagat önümçiligindäki paýynyň 2016-njy ýylda 40 göterime çenli ýetendigi mälim edildi.

2016-njy ýylda türkmen telekeçileri tarapyndan; keramika we kerpiç, turba we kabel ýaly gurluşyk materiallary bilen birlikde haly we mebel önümçilik fabrikleri ulanmaga berildi. 2016-njy ýylda açylan desgalar bilen 9 müň adam iş bilen üpjün edildi. Şol çäkde 2017-njy ýylda hem hususy pudaga berilýän goldaw dowam eder.

 

Nobatda Özbegistandan bir habarymyz bar. Özbegistanyň meşhur Ak saraý köşküniň Yslam Kerimow muzeýi hökmünde açylmagyna garaşylýar.

Özbegistanyň 1-nji prezidenti Yslam Kerimow üçin hatyra muzeýi Daşkentdäki Ak Saraýyň çäginde gurulýar.

Bu barada “Fajebook-da” “Deti Kerimowa” topary habar berýär. Muzeýiň açylyşy bolsa Yslam Kerimowyň doglan güni bolan 30-njy ýanwarda bolar.

Alynan maglumata görä Köşkde soňky günlerde abatlaýyş işleri dowam edýär.

Ak Saraýy muzeýe öwürmek baradaky habarlar geçen hepde metbugatda çykypdy.

Özbegistanyn täze Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bolsa Garaşsyzlyk meýdanynda ýerleşýän Senatyň binasynyň ikinji gatynda gündelik işlerini alyp barýar.

2 ýylyň dowmynda prezident üçin täze köşkün guruljakdygy habar berilýär. Emma köşküň guruljak ýeri barada anyk maglumat berilmedi.

Ak Saraý 2004-nji ýyldan bäri merhum Prezident Yslam Kerimowyň iş ofisi hökmünde peýdalanylýardy.

 

Gazagystan 28-nji Gyşky uniwersitetara oýunlaryna taýarlyk görýär.

2017-nji ýyldaky Gyşky uniwersitetara oýunlary 29-njy ýanwar bilen 8-nji fewral aralygynda Gazagystanyň medeni paýtagty Almatyda geçiriler. Gyşky uniwersitetara oýunlarynda şu ýyl buzda typmak, garda typmak we hokkeý ýaly 12 ugurda ýaryşlar geçiriler.

Taýarlyklary tamamlanyp barýan Gyşky uniwersitetara oýunlarynyň resmi bilet satyş ofisi hem açyldy.

2017-nji ýyldaky Gyşky uniwersitetara oýunlarynyň bilet satyş ofisiniň özboluşlygy, ol ýerde maddy şertleri pes bolan raýatlara bilet samagy. Mysal üçin gahrymanlara, şikestlilere we talyplara arzanladylan biletler satylar. Häzirki wagtda Gyşky uniwersitetara oýunlarynyň ähli ýaryşlary üçin biletler satylmaga başlady. Almaty şäheriniň 8 etrabynda geçiriljek 117 ýaryş üçin biletler onlaýn görnüşde-de alynyp bilner.

Gazagystanyň ozalky paýtagty Almaty şäherinde Gyşky uniwersitetara oýunlaryň dowamynda medeni çäreleriň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär. 20-nji ýanwardan başlap Almatynyň teatrlarynda, konsert zallarynda, muzeýlerinde we kitaphanalarynda dünýä belli oýunlar, ýyldyz aýdymlaryň kosertleri, dürli sergiler we işjeň maslahatlar guralar.

1957-nji ýyldan bäri ýokary derejede geçirilýän esasy sport çärelerinden biri bolan Gyşky uniwersitetara oýunlaryna Gazagystan ilkinji gezek 1993-nji ýylda gatnaşypdy.

GDA-nyň düzümine girýän ýurtlaryň arasynda Gyşky uniwersitetara oýunlaryny geçirýän ilkinji ýurt bolan Gazagystana 50 ýurtdan 2 müň türgeniň gelmegine garaşylýar.

Halkara bäsleşikleriň göni ýaýlymlary 80 ýurtda 1 miliard tomaşaçynyň dykgatyna ýetiriler.



Degişli Habarlar