Türkiýäniň täze dünýä garaýyşy 04

Täzelenmeklik adalgasy adamyň aňynda oňyn düşünjedir pikir emele getirýär

445100
Türkiýäniň täze dünýä garaýyşy 04


Modernleşme diýmekligiň düýp manysy tazelenmeklikdir. Täzelenmeklik adalgasy adamyň aňynda oňyn düşünjedir pikir emele getirýär. Şol sebäpli her bir jemgyýetiň özgerlişik üçin aň-düşünjelerinde dörän tamalary bardyr. Şol tamalardan biri bolsa özgerlişigiň şol bir wagtda-da bir ösüş bolandygy dogursyndadyr. Emma jemgyýetçilik özgerlişigiň taryhy bize her bir özgerlişigiň bir ösüş bolmandygyny görkezýär.

Elbet-de jemgyýet dinamiki gurluşa eýedir. Yzgiderli hasýetde özgerýär. Hat-da özgermeýän ýeke-täk zat özgerlişigiň özidir diýsek ýalňyşmarys. Şol özgerlişik meselesi antiki döwürleden biziň günlerimize çenli dowam edip gelýär we jedelleşilýär. Döwrüň felsepesiçisi Efesli Gerakliosyň “Şol bir derýalara girenleriň üstünden tapawutly suwlar akar” diýen sözi, bu temany şol döwürlerden bäri beýan edýän häsýete eýe.

Jemgyýetçilik özgerlişiginiň birsydyrgyn dinamikalary barada durlup geçilip bilner, emma esasan iki faktora üns çekmek mümkin.

Olaryň biri içerki dinamikalar, beýlekisi bolsa daşarky dinamikalardyr.

İki özgerlişik dinamikasynyň hem tebigy netijeleri hem-de basyşa çydamly täsirleriniň bardygy mälimdir.

Jemgyýetler ýa tebigy faktorlar bilen özgererler ýa-da dürli serişdeler arkaly meýilleşdirilen häsýetde görülen daşarky çäreler bilen özgererler.

İne syýasat sözüň doly manysynda şol özgerlişige gözegçilik edilmegidir. Jemgyýetçilik giňişliginde bar bolan çaknyşyklaryň dolandyrylmagy hökmünde berilýän şol salgylanmany hem şol çäkde seljerip bileris.

Türkiýe öz sebitinde başdan geçirilýän özgerlişikleriň täsirinde galýan ýurtlardan biri. Şol sebäpli güýçli syýasy gurluşa eýe bolmaga mejbur.

Güçli syýasy gurluş üçin gyşarnyksyz demokratiýa we güýçli ykdysadyýet gerek.

Diňe ir ykdysady abadançylygyň artdyrylmagy syýasatyň güýçlenmegini üpjün edip bilmez. Hem demokratiýany ösdürmek hem-de ykdysadyýeti güýçlendirmek arkaly syýasaty güýçlendirmek mümkin.

Türkiýe sebitindäki özgerlişiklere gözegçilik etmek we şol özgerlişigiň ugruny saýgaryp bilmek üçin güýçli syýasy gurluşa eýe bolmak ugrunda şu günki günde has-da güýçli göreşýär.

Syýasat, jemgyýeti has gowudygyna ynanylýan pozisiýa ornaşdyrmaklygyň serişdesidir. Jemgyýetde bar bolan dürli gatlaklaryň arasyndaky çaknyşyklary dolandyrmak we şol çaknyşyklaryň bähbitli netijeleri ýüze çykarjak mehanizmi konsrtuktiwleşdirmeklikdir. Syýasat edara işidir, emma gowy edara etmeklikdir. Gowy edaranyň başlangyç şerti bolsa her bir aktýoryň ulgama degişli edilmegidir. Onuň ýeke-täk ýoly bolsa demokratiýadan geçýär.

Eger şeýle bolsa Türkiýe bar bolan başlangyç meselelerini çözmek üçin birleşen gaplar ýörelgesine laýyklykda hem demokratiýany güýçlendirmeli, hem güýçli ykdysadyýete eýe bolmaly hem-de gowy edara edilýän syýasy ulgama eýe bolmaly.

Elbetde bularyň ählisiniň üpjün edilmegi, ýola goýulmagy ýeňil däl. Emma ähli zatdan ozal özgerlişigiň tebigatyny bilmeklik möhüm tejribedir.

Dünýäniň haýsy tarapa barýandygyny bilip, şoňa görä çemeleşýän we dünýä bilen aýakdaş gidýän aktýor bolmak ugrunda güýçli syýasat alyp barýar we oňa hem täze Türkiýe diýilýär.

Türkiýede köplenç halatlarda syýasat ýaramaz güýmenje hökmünde kabul edilýär. Emma ol nädogry. Syýasat millede hyzmat etmekligiň ýeke-täk ýolydyr. Syýasata äsgermezçilik edýänleriň ýa niýetleri düzüw däl, ýa-da ulgamyň nähili işleýänliginden habarlary ýok.

Umuman garşydaş aktýorlaryň biri-birlerini ulgamyň daşyna çykarmak üçin syýasada garşy retorik oýlap tapýandyklary pikir edilýär. Emma sagdyn mehanizm her bir aktýory öz içine alyp biljek ygtyýara eýe bolmalydyr.

Etniki meselelerden girdeji adalatsyzlygyna, halkyň meselelerini çözmekden daşary syýasata çenli ähli ugurlarda bar bolan çykgynsyzlyklaryň jemgyýetçilik legallygynyň umumy bähbidine laýyklykda çözülmegini ýola goýýan syýasat möhümdir we hökmanydyr.

Syýasatyň güýçlenmegi diýmek, jemgyýetçilik gurluşyň çäginde ululy-kiçili aktýorlaryň her birini ulgama degişli etmek ýa-da ulgamyň merkezine getirmeklikdir.

Türkiýe uzak ýyllar raýatlardan garaşsyz döwlet dolanşygyna eýedi. Hamala diýersiňiz adamsyz bir döwlet mehanizmini hyýal eden ýalydy. Ol tebigy ýagdaýda adamlaryň özlerini çetde durmaklaryna we içinde ýaşaýan döwletine hem-de jemgyýetine eýe çykmagyny kynlaşdyrypdy.

Türkiýe biri-birine garşydaş birnäçe aktýordan ybarat döwlet gurluşyndan biri-birleri bilen utgaşykly we eriş-argaç bolan mehanizmlerden emele gelýän döwlet gurluşyna tarap ýönelýär.

Her bir aktýoryň özüne degişlidigini pikir edýän ulgamyny döretmek Türkiýe üçin diýseň täzelikdir.

Täze Türkiýe döwletini, jemgyýetini we býurokratiýasynyň utgaşyklygyny ideallaşdyran syýasat alyp barmaklygyň tagallasydyr. Şol tagallany kesgitleýän esasy ugur bolsa jemgyýetilik özgerlişiginiň dinamikalarydyr. Şol dinamikalary bilmek tapgyra degişli bolmak diým


Degişli Habarlar