Bu biziň dünýämiz

Global ýylylyk diýilýän wehimiň ekerançylyk we maldarçylyk bilen bolan baglanşygy

384323
Bu biziň dünýämiz

Gepleşigimiziň bu sanynda global ýylylyk diýilýän wehimiň ekerançylyk we maldarçylyk bilen bolan baglanşygy barada durup geçmekçi. Global ýylylyk, dünýädäki we Türkiýedäki maldarçylyga nähili täsir ýetirer? Klimat krizisiniň iň agyr täsir ýetirjek pudaklaryndan biriniň ekerançylyk bolandygy hemmeler tarapyndan bilinýär. Guraklyk, çölleşme we erroziýa, ekerançylykdaky önümleriň görnüşleriniň azalmagyna, ekerançylyk meýdanlarynyň hapalanmagyna sebäp bolar. Ekerançylykda çekilýän ýitginiň ýokarlamagy; hasyllylygy dowam etdirjek tohumlaryň ýitip gitme howpyny ýa-da ýok bolma riskini ýüze çykarar. Bular diýseň aladalandyryjy netijelerdir.

Ekerançylykdaky kynçylyklaryň “ýerli” aýratynlykdan başlap, “global” azyk krizisine öwrüljekdigini aýtmak, ýalňyş bolmasa gerek. Geliň meselä has giňişleýin seredeliň. İň esasy meselelerden biri azyk we suwsyzlyk. Elbetde ösen ýurtlar bu meselede beýlekilere görä has şansly. Şu günki günde dünýänin 30 göterimden gowragy guraklyga sezewar we bu mukdar 1970-nji ýyllardakydan iki esseden gowrak. Ýadyňyza düşýän bolsa BMG, global klimat krizisiň gün tertibine gelen döwürlerinde, 2005-nji ýylda çap eden raporty bilen her alty ýurtdan biriniň guraklyga baglylykda azyk ýetmezçiligini başdan geçirýändigini, onuň hem uzak möhletli ýagdaý bolandygy meselesinde dünýä duýduryş beripdi. Şol sebäpli BMG-niň tagallasy bilen esasanda Afrika materiginde açlyga we guraklyga sezewar bolan sebitlere azyk kömegi berilipdi.
Bol hasylly ýerleri tizlik bilen çölleşýän goja materigiň eýeleri bolan afrikalylaryň 70 göteriminiň durmuşy ýagynlara esaslanýan düme ekerançylyga bagly. Günbatar Afrikada 2004-nji ýylda çekirtge sürülerine garşy göreşmek üçin goşuna görkezme berilendigini bilýäris. Nireden we nähili ýüze çykandygy barlanýan we gysga wagtda dörä çekirtge sürüleri, alymlary hem geň galdyrypdy. Çekirtge sürüleri şeýle kyn şertlerde ösdürlip ýetişdirilen halysy gysga wagtda ýok edipdi. Şonuň netijesinde 2006-njy ýylda Efiopiýada, Nigeriýada we Somalide 17 million adam açlyga sezewar boldy.
Käbir raportlara görä geljek 35 ýylyń dowamynda Afrikanyń günortasyndaky suw rezerwleriniń ýarym esse azalmagyna garaşylýar. Bu ýüz million adama zyýan ýetirer.
Aziýadaky ýagdaý hem öwerlikli däl. Esasanda Gang, Brahmaputra, Mekong we Ýangse ýaly derýalarynyń suwy şaly meýdanlarynyń suwarylmagy üçin peýdalanylýar. Tüwi, Aziýadaky adamlaryń üçden biriniń azyk önümidir. Käbir çeşmelere görä şol derýalara göz başlyk edýän aýsbergler şeýle çaltlyk bilen kiçelýär welin, olaryń ählisi 2040-nji ýyla çenli ýok bolup biler. Şol derýalaryń akmasy ýagyşyń we garyń ýagmagyna bagly.
Klimatyń üýtgemeginiń ýüze çykarjak netijelerinden iń köp zyýan çekjek pudaklaryndan biri ekerançylykdyr. Emma beýleki tarapdan klimatyń üýtgemegine sebäp bolýan esasy faktorlardan biri hem ekerançylyk. Bilşińiz ýaly klimat çalşygynyń başlangyç sebäbi atmosferadaky parnik gazlarynyń mukdarynyń artmagydyr. Parnik gazlaryndan biri bolan metanyń ýüze çykmagyna senagatdan daşgary sebäp bolýan ýene-de iki sany möhüm sebäp bardyr. Şaly meýdanlary we maldarçylyk fermalary. Beýleki bir parnik gazy bolan azot kislotasynyń bir bölegi hem himiki dökünleriń gińden ulanylmagy sebäpli ýüze çykýar. İýmitlenmek üçin ekerançylyk edýän, gök we miwe öndürýän, maldarçylyk bilen meşgullanýan adamlaryń, şol bir wagtda klimaty çalyşdyryjy bolandygyna ynanmak elbetde kyn. Emma gynansagam ýagdaý şeýle.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar