Bileliň-öwreneliň

Metal galyndylarynyň gaýtadan işlenmegi

294240
Bileliň-öwreneliň

Ýer ýüzüni emele getirýän dürli minerallaryň saplanmagy bilen emele getirilýän metallar ýaşaýyş durmuşymyzyň esasy bölegini emele getirýär. Içinde ýaşaýan binalarymyzda, sürýän ulaglarymyza, aşhana enjamlaryndan, elektronik enjamlaryna çenli her ýerde dürli görnüşlerde metallary görmek bolýar. Tebigy serişdelerden çykarylmagy we işlenmeg diýseň gymmat düşýän metallar, gaýtadan işlenip bilinme özboluşlygyna eýe. Metalyň gaýtadan işlenmegi hem tebigy serişdeleriň goralmagy üçin hem-de energiýanyň tygşytmanmagy üçin diýseň peýdaly usullardan biri.
Gündelik durmuşda ýygy-ýygydan gabat gelinýän metal gap-gaçlar, koserwa gutulary, ýag gutulary we şuňa meňzeş metal gaplaryň gaýtadan işlenmegi önümçilige sarp edilýän energiýany tygşytlaýar. Diňe bir metal gaplaryň gaýtadan işlenmeginden alynýan energiýa 100 wattlyk lampany 20 sagatlap ýakmaga ýetýär.
Metal zyňyndylaryň gaýtadan işlenmegi energiýanyň tygşytlanmagy bilen birlikde daşky gurşawyň arassaçylygy taýdan-da möhüm. Energiýanyň sarp edilmegi 95 göterim azaldýan alýuminiň gaýtadan işlenmegi, howanyň hapalanmagyny 90 göterim, suwuň hapalanmagyny bolsa 97 göterim azaldýar. Polat önümçiliginde zyňyndy polat peýdalanan halatynda bolsa suwuň we howanyň hapalanmagy 25, suwuň sarp edilişi bolsa 40 göterim azalar.
Şeýle peýdaly bolan metalyň gaýtadan işlenmeginiň ilkinji ýa-da esasy başlangyjy zyňyndylaryň ýerinde barlanmagy. Gaýtadan işlemäniň netijeliligi üçin alýumin, polat, mis we beýleki metal zyňyndylarymyzy zir-zibillere goşman ýygnamaly. Şol usul bilen ýygnalan zyňyndylar gaýtadan işleniş bidonlarynda toplanyp, desgalara ugradylýar we gaýtadan işlenýärler.
Dünýäniň geljegi we ýurduň ykdysadyýeti üçin gaýtadan işlenip çykarylma goşant goşmagyň her bir adamyň borjudygyny ýatdan çykarmalyň.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar