Bileliň-öwreneliň

Adamyň saglygy we daşky gurşawyň hapalanmagy

187544
Bileliň-öwreneliň

Daşky gurşawyň arassaçylygy sagdyn ýaşamagyň ilkinji şertidir. Açyk we ýapyk ýerlerde howanyň hapa bolmagy, suwuň hiliniň pesligi, ýeterlik gigeniki arassaçylygyň ýeterlik bolmazlygy we howply himikatlar ýarawsyzlyklara sebäp bolýar. Şol näsaglyklaryň arasynda dem alyş we ýürek-damar hassalyklary, rak, demgysma, dürli allergiýalar, önüp-ösmek bilen bagly näsazlyklar bar.
Daşky gurşawyň hapalanmagyna sebäp bolýan esasy faktorlar: fabrikleriň galyndylary, radiasion täsirleri, adamlar we haýwanlar sebäpli ýüze çykýan galyndylar. Şol galyndylar howany, suwy we topragy hapalap, ekoulgama zyýan ýetirýär. Esasanda zyýanly himikatlar we düzüminde agyr metal bolan galyndylar daşky gurşaw we saglyk üçin uly howp emele getirýär. Mysal üçin zyýanly metallardan we başga himikatlardan öndürilýän batareýalaryň zir-zibillere biperwaý taşlanmagy, gönüden ýa-da aýlawly ýollardan açyk ýerlere goýulmagy uly howp emele getirýär. Şol metallar topraga we ol ýerden hem ýerasty suwlaryna goşulyp, jandarlara siňýär we organizmalaryň tebigy gurluşyny bozýar. Onuň iň köp bilinýän mysaly simapdyr. Agyz suwy ýa-da azyk arkaly adamyň bedenine girýän simap: panika, kerlik, rak, böwrek, bagyr, beýni kesellerine, çagalaryň maýyp dogulmaklaryna sebäp bolýar. Himiki galyndylar gormon ulgamyny bozup, janly ösüşine düýpli ýaramaz täsir ýetirýär.
Adamyň we tebigatyn saglygyna zyýan ýetirýän köp sanly zyýanly madda ösýän tehnologiýalar arkaly gözegçilik astyna alynmaga synanşylýar. Emma daşky gurşawa we saglyga ýetirýän täsirleri entek doly bilinmeýän, täze ýüze çykýan meseleler hem bar. Şolara mysal hökmünde elektromagnetik giňişlikler, ekologik sebäplerden käbir ýokanç keselleri görkezmek bolar.
Sagdyn ýaşamak üçin daşky gurşawyň hapalanmagyna garşy göreşmek her birimiziň borjy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar