Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 75

Ýewropa Parlamentiniň geçen hepde geçirilen saýlawlarynyň netijesi dünýäni geň galdyrdy

86315
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 75


Ýewropa Parlamentiniň geçen hepde geçirilen saýlawlarynyň netijesi dünýäni geň galdyrdy. Şol netije Ýewropada aşa we rasist sag partiýalarynyň güýçlenýändigini görkezýär. Esasanda Fransiýada, Britaniýada, Daniýada, Germaniýada, Belgiýada, Gresiýada we Gollandiýada alynan netijeler şol ymtylmany ýüze çykardy. Fransiýada Milli front, Britaniýada UKİP, Daniýada Daniýanyň halk partiýasy, Gresiýada Siriza sesleriň dörtden birini alyp, uly üstünlik gazandy. Netijede 751 kürsüli ÝP-niň 212 sanysyny Ýewropa halk partiýasy topary, 186 sanysyny sosialistler, 70 sanysyny liberallar, 55 sanysyny ýaşyllar, galanyny bolsa topary bolmadyk aşag sag we rasist partiýalar eýeledi.
Aşa sag we rasist partiýalara berilen garaşylýan ýokary goldaw ÝP-niň we ÝB-niň geljegi taýdan alada döretdi. ÝB-ne garşy berk garşylygyň bardygy mälimdi, emma şeýle ýokary bolmagyna garaşylmaýardy. Fransiýanyň Premýer ministri Manuel Wallsyň aýtmagyna görä “Bütin Ýewropany sarsdyran ýer titremesi” howsala döretdi. İndi ÝB-niň tarapdarlarynyň başda durmagynda hemmeler netijäniň sebäbine göz ýetirmäge synanşýar. Aşa sagyň güýçlenmeginiň sebäpleri we onuň çözgütleri barasynda pikir edilmäge başlandy.
Oňa düşünmek üçin ilki bilen ÝP-niň saýlawlarynyň näme many aňladýandygyny we eýe bolan ähmiýetini nygtap geçmek ýerlikli bolar. İlkinjisi 1979-njy ýylda 8-njisi geçen hepde geçirilen ÝP-niň saýlawlary, ÝB-niň bitewiliginiň esasy ugurlaryndan birini emele getirýär. ÝB-niň kanun çykaryş organy bolan ÝP, Ýewropa Geňeşinden we komissiýasyndan soň beýgelýän güýje öwrüldi. ÝB-niň giňelmegini we bitewiligini gyzyklandyrýan kararlar ÝP tarapyndan tassyklanýar. Şol jähtden garalanda ÝP-niň iki sany möhüm missiýasy öňe saýlanýar.
Birinjisi ÝP Ýewropa halklarynyň iň ýokary kanun çykaryş güýjüne wekilçilik edýär. Ähli ýewropalylaryň adyndan kanun çykaryş we degişli funksiýalary ýerine ýetirýär. Ýewropanyň syýasy kartasyny suratlandyrýar. Şol jähtden milli partlamentlerden ýokarda durýar. Ol Ýewropanyň syýasy jebisligi taýdan-da möhüm faktor.
İkinjisi: ÝP, ÝB-niň syýasatyny kegitleýär. Hem Ýewropanyň syýasatynda hem-de ÝB-niň beýleki ýurtlar bilen bolan gatnaşyklarynda we agzalyk tapgyrlarynda rol oýnaýar. Mysal üçin Türkiýe ýaly doly agzalyga dalaş edýän ýurtlaryň pozisiýasy ÝP-niň tassyklamagyna bagly. ÝP kabul eden kararlary ýa-da habarnamalary bilen Türkiýe meselesinde täsirli pozisiýa eýeleýär. Wagty gelende Türkiýäniň doly agzalyga kabul edilmeginde-de rol oýnar.
Şeýlelikde ÝP-niň düzümi, partiýalaryň toparlarynyň güýji, çemeleşmeleri, garaýyşlary we kararlary ÝB-niň geljeginiň kesgitlenmegi taýdan iňňän möhüm. Teoriki taýdan garaşylýan netije ÝP-niň ÝB-niň bitewileşmegini we giňelmegini ýola goýmak, depginini güýçlendirmek ugrunda tagalla etmegi. Ol geçen döwürlerde iş ýüzüne geçmedi. Emma soňky netijeler ÝP-niň şol özboluşlygyny ýitirýändigini görkezýär. Täze saýlanan aşa sag we rasist parlamentariler we partiýalar hem ÝB-ne hem-de giňelmä berk garşy durýarlar. Sözüň doly manysynda ÝB-ni ret edýärler we agza ýurtlaryň ÝB bilen gatnaşyklaryny çäklendirmek isleýärler. Beýleki tarapdan şol partiýalar ÝB-niň umuman giňelme etabynda, hususan-da Türkiýäniň doly agzalygyna garşy durýarlar. Beýleki bir söz bilen aýdylanda soňky saýlawyň netijeleri Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyny has-da kynlaşdyrýar. Eger-de şol çemeleşme güýçlenen halatynda ÝB-ne we täze agzalyk etabyna agyr zarba uruljakdygyny aýdyp bileris.
Elbetde şol ösüşiň sebäbi syr däl. Kararyň esasy sebäbi şular: dowam edýän ykdysady çökgünlik, ÝB-niň daşyndan gelen migrantlar, işsizlik, güýçlenýän islamafobiýa, antisemitizm we liderleriň çemeleşmeleri 2006-njy ýyldan bäri tapgyrlaýyn häsýetde ýüze çykan şu meseleler ÝB-niň we onuň düzümlerine bolan çemeleşmeleri ýaramazlaşdyrdy. Onuň iň gowy mysalyny Türkiýäniň doly agzalyk etabynda anyk görmek bolýar. ÝB-däki wakalaryň merkezinde Türkiýäniň we agzalygynyň bardygyny hem aýtmak mümkin. 2004-2006-njy ýyllaryň aralygynda ÝB-niň liderleri we halkyň esasy bölegi Türkiýäniň doly agzalygynyň tarapynda duran bolsa, 2007-nji ýyldan başlap birden garşy durmaga başlady.
Şol düýpli özgerlişigiň adaty görkezijisi Germaniýada Merkeliň we Fransiýada Sarkoziniň liderlikleridir. Şol iki lideriň Türkiýä garşy pozisiýalary aşa sag we rasist gatlaklary hem-de partiýalary batyrgaýlaşdyrdy. Şol iki lider Ýewropanyň ykdysady we sosial meselelerini çözüp bilmeýişleri ýaly çykyşlary hem-de syýasatlary bilen aşa sagyň we rasiszmiň güýçlenmegine sebäp boldular.
İne şol jähtden Ýewropanyň halklary we ÝB öwrülşik nokadynda durýar. Ýa bar bolan çemeleşmäni höweslendiriji syýasatlar dowam etdiriler ýa-da şol rasist güýçlenmäniň ortadan aýrylmagy üçin berk çäreler görüler. Eger şeýle dowam eden halatynda ÝB-niň geljegi üçin howply bolar we onuň dargamagyna çenli gitjek tapgyr başlar. Emma ÝB-niň aýdyňlanma ruhy entegem dowam edýän bolsa oňa ýol bermez we öňüni alar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar