Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 69

Bolmadyk gyrgynçylyk-Wepaly millediň hyýanaty

61560
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 69

Bolmadyk gyrgynçylyk-Wepaly millediň hyýanaty.

Osman imperiýasynyň güýçli döwürleriniň gaýmagyny ermeni iýdi diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Fatih tarapyndan “sadyk millet” atlandyrylan ermeniler beýleki azlyklara görä elmydama artykmaç hormatlanypdyr. Watan gullugyndan, bölekleýin hem bolsa salgyt tölemeklikden boşadylypdyr, döwletiň iň ýokary wezipelerinde işläpdirler, halk deputaty, ministr, serkerde bolupdyrlar.

1900-njy ýyllaryň başlarynda Osman imperiýasy güýçden gaçyp, urşun bosagasyna baran dünýäde fransuz ynkylabynyň täsiri bilen milletçilik akymlary güýçlenýär. Ermeni komitetleri hem şol akymyň hem-de daşarky güýçleriň täsiri bilen ýüzlerçe ýyl hyzmat eden, öwezinden hormat-sylag gören döwletine hyýanata girişýärler.

1) Taşnak komitetiniň neşiri Gorizont: “Ermeniler hiç hili ikirjiňlenmezden Antanta girýän döwletlerin tarapyna geçdiler, bar güýçleri bilen Russiýa goldaw berdiler, şeýlede meýletin toparlar döretdiler.

2) Komitetden guramalara: “Ruslar serhedi geçenden we Osman goşunlary yza çekilmäge başlandan son ähli ýerde pitne turuzmaly, Osman esgerleri iki oduň arasynda galmaly. Osman goşunlary öňe süýşen halatynda bolsa ermeni esgerleri ýaraglary bilen birlikde ruslaryň hataryna goşulmaly.

3) Komitetiň agzalaryndan biriniň Tibilisidäki Ermeni milli kongresinde eden çykyşy: “Russiýa Osman ermenilerini ýaraglandyrmak we pitneler turuzmaklaryny üpjün etmek üçin uruşdan öň 142,900 rubl berdi.”

4) Hynçak komitetinden guramanyň agzalaryna: “Bar güýjümiz bilen Antanta girýän döwletleriň we esasanda Russiýanyň hyzmatdaşy hökmünde ýeňiş üçin elimizden gelen kömegi bermeli.”

5)Osman döwletiniň mejlisinde Wan welatyndan halk deputatlygyna saýlanan Papazýanyň çap eden jarnamasy: “Kawkazda meýletin ermeni brigadalary rus goşunlarynyň öňbaşçylary hökmünde ermenileriň ýaşaýan etraplaryndaky esasy ýerleri eýelemeli we Andoluda hüjüm etjek ermeni brigadalary bilen dessine birleşmeli.”

Hakykatdan hem Russiýa bu meseläniň esasy jogapkärlerinden biri. Maksady sebitdäki ermenileri goraýan ýaly görünip, Gündogar we Günorta-gündogar Anadolydaky Osman territoriýasyny eýelemek. Osman döwleti bilen urşa taýarlanýan Rus Patyşasy Kawkazda “Dünýäniň çar tarapyndaky ermeniler ganlarynyň soňky damjasyna çenli ýeňiş gazanmak üçin rus goşunynyň hataryna goşulmak üçin ylgaýarlar… Rus baýdagy Dardanel we Bosfor bogazlarynda erkana parlasyn. Türk häkimiýeti astynda ýaşaýan halklar azat bolsun” diýipdi. Şeýlelikde Russiýa 1-nji jahan urşuna Osman döwletiniň çäginde garaşsyzlyk wada berilen ermenileriň goldaw bermeginde girýär.

Britaniýa bolsa Russiýanyň Ortaýer deňzine çenli gözüni dikendigini gowy bilýärdi we şol imperialist syýasatyň öňüni alyp bilmek üçin “garaşsyz Ermenistany” diňe özüniň gurjakdygyny” wada berýärdi.

Koloniýa derdine düşen Fransiýa bolsa ermenileri bir tarapdan katolikleşdirmek arkaly öz ýanyna çekmäge synanşan bolsa, beýleki tarapdan-da syýasy we söwda maksatlar üçin milletçi şygarlar arkaly meçew berýärdi.

Entek 1914-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Osman döwleti urşa girenden soň gündogar serhedindäki ermeni esgerleri gaçyp, rus goşunynyň hataryna goşulýar. Olara Erzurum we Wan halk deputatlary Garo Pastyrmajyýan bilen Papazýan hem goşulýar. Osman goşuny sözüň doly manysynda yzyndan pyçaklanýar. Türk obalary oda berildi, ýollarda gabat gelinen türkler gyryldy. Erzurum, Wan we beýleki şäherlerde köçeler ermeni-rus goşunlarynyň hüjümine sezewar bolan türkleriň jesetlerinden dolýar. 1915-nji ýylyň aprelinde Wan şäherini alan ermeniler şäheri rus goşunyna tabşyrýar.

İndi Osman hökümeti giç hem bolsa bir çäre görmelidi. İlki bilen ermenileriň öňdebaryjy wekilleri bolan halk deputatlaryna, Taşnak we Hynçak komitetleriniň agzalaryna, ermeni patriarhyna netijesiz duýduryşlar berildi. Şondan soň 24-nji aprelde şol komitetleriň ýapylmagy, ýolbaşçylarynyň tussag edilmegi barasynda buýruk çykarylýar.

Anadolyda ýolbaşçy pozisiýasynda bolup, ermenilere meçew beren we dönüklige gönükdiren 1,327 ermeni Ankara we Çankyry tussaghanalaryna ugradylýar.

İne, gyrgynçylyk başlaýar!

Aslyna seredilende bu sürgün hem däldi. Sebäbi şol adamlaryň ne başgalar bilen duşuşmaklary ne-de syýahat azatlyklary çäklendirilipdi.

Emma ermeni hüjümleri bes edilmändigi üçin Osman hökümeti pitne turuzan we türk güýçlerine hüjüm eden ermenileri uruşyň dowam edýän etraplaryndan köpçülikleýin göçürip, döwlete degişli başga ýerlere ornaşdyrmak üçin 1915-nji ýylyň sentýabrynda Göç kanununy kabul edýär.

“Tarsusdan Adana çenli ähli etraplar ermenilerden dolyp, Adanadan başlap otly bilen syýahat etdiler. Adamyň köplügi sebäpli çekilen kynçylyklara seretmezden hökümet diýseň ünsli işleýärdi. Bidüzgünçilige ýol berilmedi. Migrantlara ýeterlik bilet berildi, mätäçlere degişli kömekler edildi.”

Mersindäki Amerikan konsuly Natanyň Baş ilçi Morgenta ýazan habarnamasy:

“Göçürilen ermenileriň sany özbaşdak mesele. İlkiler bu sany 300 müň hökmünde beýan eden ermeni tarapy, uzak ýyllaryň dowamynda daşardan alýan goldawy bilen indi 1,5-2,5 million ermeniniň göçürilendigini öňe sürýär. Muňa delilnama bilen jogap bereliň.

1919-njy ýyldaky Pariž parahatçylyk maslahatynda Fransiýanyň daşary işler ministrliginiň ýörite ygtyýarly ministrlerinden Guta berilen habarnama görä Kawkaza 250 müň, Eýrana 40 müň, Siriýa-Palestina 80 müň, Mosul-Bagdada 20 müň jemi 390 müň, bulardan daşgary ýerlerden gelenler bilen birlikde 600-700 müň ermeni göçürildi.

Üssesine-de Osman döwletiniň we Britaniýanyň döwlet arhiwlerindäki delillere görä Osman ülkesinde 1885-nji ýylda 987,887, 1914-nji ýylda 1 million 161 müň 169 we 1918-nji ýylda 1,5 million ermeni ýaşaýardy. Entek Osman-Rus urşunyň dowamynda Stambuldaky ermeni patriarhy iňlis ilçisine ýer sorap ýüz tutýar, ondan bolsa “Dogry adýaňyz welin, şol welaýatlaryň hiç haýsynda siziň ilat sanyňyz köp däl. Ermenistan diýýän ýeriňizde siz azlykda” jogabyny alýar.

1920-nji ýylda ermeniler bilen Gümrü şertnamasy baglaşylýar. Şeýlelikde ermeniler Sewr şertnamasynyň güýjüni ýitirendigini kabul edip, Türkiýeden ýer talaplarynyň ýokdugyny yglan edýärler. 1921-nji ýyldaky Kars şertnamasy bilen bolsa Türkiýe-Ermenistan serhedini ykrar edýärler.

Emma entek şol ýyl jana kast etmelere başlaýarlar. Talat serkerde, Bahattin Şaki, Jemal Azmi daşary ýurtlarda ermeniler tarapyndan öldürilen ilkinji adamlar boldy. Los Anželesdäki türk konsuly Mehmet Baýdaryň 1973-nji ýylda öldürilmegi bilen başlan diplomat jenaýatlary, 1976-njy ýylda terror guramasy ASALA-nyň döredilmegi bilen hasam ýaýbaňlaşýar. Gurama 20 ýylda 40-a golaý türk diplomatynyň janyna kast edýär.

İne her ýylyň 24-nji aprelinde gün tertibine getirilmäge synanşylýan toslama ermeni gyrgynçylygynyň asly şundan ybarat.

Mundan 99 ýyl ozalam şeýledi, 100 ýyl soňam şeýle bolar.

Kimdir biriniň gyrgynçylyk diýmegi ýa-da diýmezligi, ykrar etmegi ýa-da etmezligi 1-nji jahan urşunda duşmana garşy garaşsyzlyk göreşini alyp baran türk milletiniň “iň wepaly millet” atlandyryp, buýnsandyran halky bolan ermenileriň dönükligine sezewar bolandygy hakykatyny gynansagam üýtgetmez.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar