BMG Wladimir Putiniň Türkiyä gurajak sapary barada beýannama berdi

Birleşen Milletler Guramasy (BMG) Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Türkiyä gurajak saparyndan alynjak netijelere ýakyndan gözegçilik etjekdiklerini habar berdi

2098046
BMG Wladimir Putiniň Türkiyä gurajak sapary barada beýannama berdi

BMG-nyň Metbugat geňeşçisi Stefan Dýužarrik gündelik metbugat ýygnagynda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

"Wladimir Putiniň saparynda Gara deňiz Galla başlangyjyny dikeltmek mümkinçiligine BMG gatnaşarmy?" soragyna Stefan Dýužarrik: "Elbetde sapardan alynjak netijelere ýakyndan gözegçilik ederis" diýip mälim etdi. 

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Putiniň Türkiyä gurajak saparynda Russiýa bilen Türkiyäniň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklary, Ukraina ugurlary bilen birlikde sebitleýin meseleleriň ara alynyp maslahatlaşyljakdygyny habar beripdi. 

Kremliň daşary syýasat boýunça maslahatçysy Ýuriý Uşakow 29-njy ýanwarda beren beýanatynda, Putiniň Türkiyä gurajak saparynyň fewral aýynda geçirilmegi üçin taýarlyk görülýändigini beýan edipdi. 



Degişli Habarlar