Russiýanyň döwlet baştutany müsürli kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Müsüriň Prezidenti Abdulfettah as-Sisi bilen Gaza sektoryndaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdy

2064753
Russiýanyň döwlet baştutany müsürli kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kreml tarapyndan berilen beýanata görä Putin bilen Sisi telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Ysraýyl-Palestina çaknyşyk sebitindäki ýagdaýyň ele alynan telefon söhbetdeşliginde taraplaryň ikisi hem müňlerçe çaga we zenan bilen birlikde ozal görülip eşidilmedik asuda raýat pidalaryna çuňňur alada bildirýändiklerini beýan etdiler. 

Telefon gürrüňdeşliginde akýan ganyň iň gysga wagtda durmagynyň, zamunlaryň azat edilmeginiň we Gazada asuda ilata ynsanperwer kömegiň berilmeginiň zerurdygy, Russiýa bilen Müsüriň halkara hukugyň esasynda Ysraýyl bilen parahatçylyk we howpsuzlyk içinde ýaşaýan garaşsyz Palestina döwletiniň emele getirilmegi bilen sebitdäki ýagdaýyň çözülmegi ugrunda çemeleşmä eýedigi habar berildi. 

Wladimir Putin Abdulfettah as-Sisä rus raýatlarynyň Gaza sektoryndan ewakuasiýa etmek tapgyrynda Müsüriň beren goldawlary sebäpli minnetdarlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar