Ysraýyl, Gaza Gury Ýer Hüjümini Guramak Üçin Taýarlyk Görýär

“Gury ýer hüjümine rugsat berlen halatynda Ysraýyl birnäçe aý Gazada galmaga taýar”

2050301
Ysraýyl, Gaza Gury Ýer Hüjümini Guramak Üçin Taýarlyk Görýär

Ysraýyldaky howpsuzlyk güýçleriniň gabaw astyndaky Gaza sektoryna gury ýer hüjümini guramak üçin taýarlyk görýändigi öňe sürüldi.

Ysraýylyň Kanal 14 teleýaýlymynyň internet saýtynda berlen habarda, Ysraýylyň Howpsuzlyk güýçleriniň Gaza gury ýerden girmek üçin taýarlyk görendigi emma syýasylaryň bu meselä oňyn garamaýandyklary nygtaldy.

Mesele hakyndaky habarnamada “Gury ýer hüjümine rugsat berlen halatynda Ysraýyl birnäçe aý Gazada galmaga taýar” diýildi.

Habarnamada şeýle hem “Harby goşun ilkinji etapda Gazany ýaragsyzlandyrmagy maksat edinýär” diýildi.

Hamasyň ýaragly Kassam toparynyň metbugat geňeşçisi Abu Ubeýde bolsa, Ysraýyl Gaza gury ýerden hüjüm guran halatynda netijesiniň agyr boljakdygyny aýtdy.

Söweşiň gözegçilik astyndadygyny we goranyş taýdan degişli taýarlyklaryň görlendigini aýdan Abu Ubeýde, Aksa tupanynyň çäginde Ysraýyla 3 müň 500 raketanyň atylandygyny ýatlatdy.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň harby goşunyndan berlen beýannamada, Howa güýçleriniň, Hamasa we Yslamy Jihada degişli ýerlere 6 müň bomba atandygy, Gazada hem uly göwrümli howa hüjümleriniň guralýandygy nygtaldy.

Hamasyň harby topary Kassam, şenbe güni ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy we ýaragly toparlar hem ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapda hem ýüzlerçe adam ýogaldy.


Etiketkalar: #hüjüm , #Ysraýyl , #gury ýer

Degişli Habarlar