Russiýanyň goşuny Ukrainanyň gündogarynda giň gerimli hüjüm guramak üçin taýarlyk görýär

Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň töwereginden çekilen Russiýanyň goşunynyň ýurdyň gündogarynda hüjüm ediji operasiýalara geçmek üçin taýarlyk görmäge dowam edýändigi mälim edildi

1809986
Russiýanyň goşuny Ukrainanyň gündogarynda giň gerimli hüjüm guramak üçin taýarlyk görýär

Ukrainanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Ukraina-Russiýa söweşiniň 45-nji gününde Russiýanyň goşunynyň Ukrainanyň tapawutly ýerlerinde asuda ilatly ýerlere raketaly hüjümler guramaga dowam edýändigi habar berildi. 

Donetsk tarapynda hüjümlerini dowam etdirýän Russiýanyň goşunynyň Rubežnoýe, Popasnaýa we Nowobahmutowka ýaly ýaşaýyş ýerleriniň gözegçiligini ele geçirmäge synanyşýandygy aýan edildi. 

Russiýanyň goşunynyň gabawy astyndaky Mariupol şäherini we Herson welaýatynyň çäklerindäki ýerleri basyp almaga synanyşmakdan ýüz öwürmeýändigi beýan edildi. 

Donetsk welaýatynyň çäklerindäki Wugledar şäheri bilen Nowoselowka-2 obalaryna howa hüjümlerini guraýan Russiýanyň goşunynyň Nowotoşkiwa, Stepnoý we Marinka ýaşaýyş ýerlerine hem hüjüm guramaga synanyşýandygy mälim edildi. 

Sabotaž we razwedka toparlarynyň bolmak howpunyň artýan sebitlerinde Ukrainanyň goşunynyň çaknyşyklar liniýasynyň gözegçiligini elinde tutmaga dowam edýändigi we ýuwaş-ýuwaş rus harby birikmelerini yzyna serpikdirmäge synanyşylýandygy aýan edildi. 

Beýleki tarapdan Ukraina bilen Russiýanyň arasynda zamun çalşygynyň bolandygy habar berildi. 

Ukrainanyň Wise-premýeri Irina Wereşçýuk Telegram hasabyndan beren beýannamasynda, ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň buýrugyna laýyklykda 3-nji zamun çalşygynyň amala aşyrylandygyny belledi. 

Zamun çalşygynyň çäginde 26 ukrainalynyň azat edilendigini aýdan Wereşçuk, 12 esgeriň we asuda ilatdan 14 adamyň öýlerine gaýdyp barandygyny habar berdi. 

Wereşçuk mundan başgada Melitopol şäherinde basyp alyjy rus goşuny tarapyndan 529 ýolagçysy bilen zamun alynan ewakuasiýa awtobuslarynyň azat edilendigini mälim etdi. 

Zaparožýa welaýatyndaky Berdýansk, Tokmak we Energodar şäherlerinde ozal karara gelinen liniýalarda ewakuasiýa üçin rugsat alyp bilmändiklerini aýdan Wereşçuk, ady agzalan şol şäherlere raýatlaryň ewakuasiýasy üçin ýaňadandan işe girişjekdiklerini beýan etdi. 

Wereşçuk, soňky 24 sagatda ynsanperwer koridorlaryň üsti bilen Mariupol we Berdýansk şäherlerinden Zaparožýa öz mümkinçilikleri we ewakuasiýa awtobuslary bilen 3 müň 425 adamyň barandygyny we Lugansk welaýatyndaky Lisiçansk, Sewerodonetsk, Rubežnoýe, Kreminna we Popasnaýa şäherlerinden 578 adamyň ewakuasiýa edilendigini habar berdi. 

Beýleki tarapdan Russiýanyň Goranmak ministrligi hem Ukrainada söweşiň başlan güni bolan 24-nji fewraldan bäri howply zolaklardan ewakuasiýa edilen adamlaryň sanynyň 704 müňe ýetendigini beýan etdi. 


Etiketkalar: #söweş , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar