ABŞ-na degişli suwasty gämi Russiýanyň suw giňişligine girdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi, ABŞ-nyň flodyna degişli bir suwasty gäminiň Kuril adalarynyň golaýynda Russiýanyň suw giňişligine girip, düzgüni bozandygyny habar berdi

1777747
ABŞ-na degişli suwasty gämi Russiýanyň suw giňişligine girdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Russiýanyň Ýuwaş okean flodynyň harby türgenleşik geçirýän zolagynda Kuril adalaryna degişli Urup adasynyň golaýynda ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerine degişli "Wirginia" kysymly suwasty gäminiň anyklanandygy mälim edildi. 

Rus tarapynyň ýurdyň suw giňişligini terk etmegi baradaky duýduryşyna suwasty gäminiň ekipažynyň ilki bilen üns bermändigi bellenen beýanatda, Rusiýanyň Ýuwaş okean flodyna degişli “Marşal Şapoşnikow" fregadynyň degişli gurallary ulanandygy we ondan soň ABŞ-na degişli suwaty gäminiň Russiýanyň suw giňişligini terk edendigi aýan edildi. 

Waka bilen baglanşykly ABŞ-nyň Moskwa şäherindäki ilçihanasynyň harby attaşesi Russiýanyň Goranmak ministrligine çagyryldy. 



Degişli Habarlar