Kabuldan Uçan Italiýa Degişli Harby Uçara Ot Açyldy

Hüjüm sebäpli Uçara hiç hili zeper ýetirilmedi

1697946
Kabuldan Uçan Italiýa Degişli Harby Uçara Ot Açyldy

Kabuldan uçan Italiýa degişli harby uçara ot açylandygy habar berildi.

Roýter habarlar gullugynyň Italiýanyň howpsyzlyk güýçlerine esaslanýan habaryna görä, ady agzalýan uçara hüjüm sebäpli hiç hili zeper ýetirilmedi.

Ský 24, 100-e golaý owgan ýolagçy bilen uçan uçara uçandan birnäçe minut soň ot açyldygyny habar berdi.

Hökümete ýakyn çeşmeler, owgan güýçleriniň howa menzilindäki adamlaryň öýlerine dolanmaklary üçin ot açylandygyny, uçaryň bilkastlaýyn nyşana alynmandygyny mälim etdi.

Talibanyň Kabulyň gözegçiligini ele geçirmeginden soň köp sanly adam ýurtdan aýrylmak üçin paýtagtdaky howa menziline geldi.



Degişli Habarlar