Eýranda iki uniwersitet embargo sanawyna alyndy

Eýranyň Ylym, derňew we tehnologiýa ministri Mansur Gulami, ýurtdaky iki uniwersitediň ýadro ugry boýunça ylmy iş geçirýändigi sebäpli, ABŞ-niň embargo sanawyna alynandygyny habar berdi

1147429
Eýranda iki uniwersitet embargo sanawyna alyndy

Eýranly Talyplar habarlar agentligi ISNA-nyň berýän habaryna görä ministr Gulami: “Ýadro ugry boýunça edýän işleri sebäpli Beheşti uniwersiteti we Sanati Şerif uniwersiteti embargo sanawyna alyndy. Ýewropa guran soňky saparymda hem bu iki uniwersitetiň embargo sanawyndan aýrylmagy üçin duşuşyklar geçirdim” diýdi.  

Halkara merkezler bilen Eýranyň uniwersitetleriniň arasynda ençeme ýalňyş ylalaşyklaryň bardygyny aýdan Gulami, Eýranda käbir uniwersitetleriň ýadro fizika ugrunda ylmy işler geçirmeginiň we bu tema boýunça makalalar çap etmeginiň daşary ýurtlar tarapyndan erbet tarapa çekilýändigini, bu ýagdaýy üýtgetmek üçin bolsa tagalla edýändiklerini habar berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Eýran bilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine agza ýurtlaryň we Germaniýanyň arasynda 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygyndan geçen ýylyň 8-nji maýynda çekilipdi we Eýrana garşy agyr sanksiýalar girizipdi.


Etiketkalar: #Eýran , #uniwersitet , #sanaw , #embargo

Degişli Habarlar