Siriýada ekstremist toparlara garşy tutanýerli tutum alnyp barylar

“Siriýa” temaly Türkiýe-Russiýa-Eýran üç taraplaýn maslahatdan soň liderler bilelikdäki jarnama gol goýdy

1145709
Siriýada ekstremist toparlara garşy tutanýerli tutum alnyp barylar

 

Prezident R. T. Erdoganyň, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda Russiýanyň Soçi şäherinde geçirlen “Siriýa” temaly Türkiýe-Russiýa-Eýran üç taraplaýn maslahatdan soň liderler bilelikdäki jarnama gol goýdy.

Jarnamada “Liderler, Siriýada ekstremist toparlara garşy tutanýerli tutumyň alnyp baryljakdygyny nygtady” diýilýär.

Jarnamada liderleriň Siriýanyň özbaşdaklygyna, garaşsyzlygyna, jebisligine we territorial bitewiligine goldaw berýändikleri nygtaldy.

ABŞ-nyň ýaragly güýçleriniň Siriýada yza çekilmeginiň Siriýanyň durnuklylygyny we howpsyzlygyny güýçlendirmäge hyzmat etjekdigi bellenildi.

Liderler İdlibde “Çaknyşyksyz zolakda” hüjümleriň azaldylmagy üçin degişli anyk çäreleriň görülmegi meselesinde ylalaşyk gazandy.

Russiýanyň, Türkiýäniň we Eýranyň Prezidenti terror guramalaryna garşy göreşde hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ünsi çekdiler.

Liderler Siriýa meselesiniň harby taýdan çözülip bilinmejekdigini, krizisiň diňe siriýalylaryň öňbaşçylygynda we ýer eýeçiliginde, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararlaryna laýyklykda syýasy taýdan utgaşykly ýagdaýda çözüljekdigine ynanýandyklaryny belledi

Üç hemaýatkär ýurduň lideri mundan başgada Siriýada Konstitutsiýa komitetiniň gysga wagtda döredilmegi işleriniň depgininiň güýçlendirilmelidigini nygtady.

Liderler Asada tabynlykdaky güýçler we oppozisionerler tarapyndan zamun alynanlaryň iki taraply ýagdaýda boşadylmagyndan hoşaldyklaryny belledi.

Jarnamada Siriýa berilýän ynsanperwer kömekleriniň artdyrylmagy üçin BMG-nyň başda durmagynda ynsanperwer kömek guramalaryna we halkara jemgyýetçiligine çagyryş berildi.

Liderler Astanada 12-nji gezek geçiriljek Siriýa temaly halkara maslahatyň mart aýynda geçirilmegi babatynda hem ylalaşyk gazandy.

“Siriýa” temaly Türkiýe-Russiýa-Eýran üç taraplaýn 5-nji maslahat Türkiýede geçiriler



Degişli Habarlar