Kasymi Warşawada geçirilen maslahaty tankyt etdi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat Sekretary Bahram Salihi Polşanyň paýtagty Warşawada geçirilen Ýakyn Gündogar temaly maslahaty “karar kabul etmekden daş we abraýdan mahrum” diýip, häsýetlendirdi

1146065
Kasymi Warşawada geçirilen maslahaty tankyt etdi

 

Kasymi ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmeginde fewral aýynyň 13-14-i aralygynda geçirilen we Eýranyň garşy duran maslahaty barada garaýyş beýan etdi.

Maslahata sebitdäki karar kabul ediji ýurtlaryň gatnaşmandygyna ünsi çeken Kasymi; “Ýakyn Gündogarda parahatçylyk we howpsyzlyk boýunça karar kabul etmekden daş we abraýdan mahrum maslahat sebitiň esasy ýurtlary bolan Türkiýäniň, Yragyň, Liwanyň, Palestinanyň we Eýranyň başda durmagynda Hytaý we Russiýa ýaly güýçli ýurtlary gatnazmasa netijeli bolup bilermi” diýdi.

Eýranyň resmi habarlar gullugy “İRNA-nyň” habar bermegine görä Kasymi maslahata öňbaşçylyk eden ABŞ-ny günäkärläp; “ABŞ bir tarapdan Ýakyn Gündogarda parahatçylyk maslahatyny guraýar, beýleki tarapdan sebite terrorçylary goldap, sebitiň halkynyň umytsyzlygyny, garyplygy we urşy möwjedýär” diýdi.

Sebitde ABŞ-na we Ysraýyla garşy göreşiň dowam etjekdigini duýduran Kasymi, ABŞ-nyň sebitiň hakykatlaryna göz ýetirmelidigini nygtady.

ABŞ we Polşa tarapyndan geçirilen “Ýakyn Gündogarda Parahatçylygyň we Howpsyzlygyň Geljegini Goldamak” temaly maslahata Omanyň, Saud Arabystanynyň, Bahreýniň, Ýemeniň, İordaniýanyň, Kuweýtiň, Marokkanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Müsüriň we Tunisiň degişli bolmagynda 60-a golaý ýurduň wekilleri gatnaşypdy.

Maslahatyň açylyşynda Ysraýylyň Premýer ministr Binýamin Netanýahu bilen metbugatyň wekillerine beýannama beren ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Maýk Pompeo, Eýranyň, Liwana, Siriýa we Yraga ýetirýän täsirinden ýerliksiz peýdalanýandygyny nygtap, Eýran bilen göreşilmän Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň we sebitleýin durnuklylygyň ýola goýulyp bilinmejekdigini öňe sürüpdi.

Warşawadaky maslahat ilki diňe Eýrana bilen baglydy, soň ähli Ýakyn Gündogara bagşlandy.



Degişli Habarlar