Fransiýanyň Mejlisiniň başlygynyň öýi ýakylmaga synanyşyldy

Fransiýanyň Milli mejlisiniň başlygy Riçard Ferrandyň öýi ýakylmaga synanyşyldy

Fransiýanyň Mejlisiniň başlygynyň öýi ýakylmaga synanyşyldy

Ferrand gyzyl çyzygyň geçilendigini belläp, aýaly we gyzlary üçin aladalanýandygyny nygtady.

Wakadan soň metbugata beýanat beren Ferrand ýurdunda başdan geçirilýän soňky wakalaryň üstünde durup geçip, demokratiýa üçin aladalydygyny beýan etdi.

Ferrand özüniň Twitter hasabyndan bolsa öýüniň suratyny paýlaşyp: “Hiç bir zat zorlugy, howpy we gorkyny aklap bilmez” diýip ýazdy.

Milli mejlis hem, Mejlisiň başlygy Ferrandyň Parižiň Motreff etrapçasyndaky öýüniň ýakylmaga synanyşylandygyny, wakany Ferrandyň goňşusynyň görendigini we howpsyzlyk güýçlerine habar berendigini, Ferrandyň bolsa jenaýat işiniň gozgalmagy üçin arza berendigini mälim etdi.


Etiketkalar: mejlis , öý , Fransiýa

Degişli Habarlar