Owganystanyň Samangan welaýatynda çaknyşyk boldy

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa, 19 goragçynyň ýogalandygy öňe sürüldi

1138559
Owganystanyň Samangan welaýatynda çaknyşyk boldy

Owganystanyň demirgazygyndaky Samangan welaýatynyň Derei Suf Paýan etrabynda Talibana agza terrorçylar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykda 9 goragçy bilen asuda ilatdan 1 adam ýogaldy. 

Samangan welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Siddik Azizi, terrorçylaryň Glula obasyna hüjüm guramagyndan soň çaknyşygyň başlandygyny habar berdi. 

Çaknyşykda 9 goragçy bilen asuda ilatdan 1 adamyň ýogalandygyny aýdan Azizi 7 terrorçynyň bolsa öldürilendigini mälim etdi. 

Azizi 8 goragçynyň bolsa ýaralanandygyny beýan etdi. 

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa, 19 goragçynyň ýogalandygy öňe sürüldi. 

 


Etiketkalar: #Owganystan , #Taliban

Degişli Habarlar