Talibanly terrorçylar Owganystanyň demirgazygyndaky harby birikmä hüjüm guradylar

Wakada 6 owgan esger ýogaldy

1137115
Talibanly terrorçylar Owganystanyň demirgazygyndaky harby birikmä hüjüm guradylar

Owganystanyň demirgazygyndaky Sari Pul welaýatynyň Suzma Kale etrabynda Talibana agza terrorçylaryň harby birikmä hüjüm guramagy netijesinde 6 owgan esger ýogaldy.

Sari Pul welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Amani, Talibana agza terrorçylaryň Suzma Kale etrabynyň Gurkab diýilen ýerindäki harby birikmä hüjüm guramagy netijesinde şeýle hem 7 esgeriň ýaralanandygyny habar berdi.

Amani goşmaça güýjiň sebite barmagy bilen Talibana agza terrorçylaryň yza çekilendigini beýan etdi.

Owganystanyň goşuny tarapyndan berilen beýanatda, ady agzalan hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda guramanyň 9 agzasynyň öldürilendigi mälim edildi.


Etiketkalar: #Owganystan , #Taliban , #hüjüm

Degişli Habarlar