Braziliýada bolan heläkçilikde ýogalanlaryň sany 99 adama ýetdi

Dereksiz ýiten 259 adamyň halas edilmegi üçin gözleg we halas ediş işleri dowam edýär

1136315
Braziliýada bolan heläkçilikde ýogalanlaryň sany 99 adama ýetdi

Braziliýada magdan galyndylarynyň saklanýan bendiniň anna güni çökmegi sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 99 adama ýetendigi habar berildi.

Dereksiz ýiten 259 adamyň halas edilmegi üçin gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Brumadinýo şäherindäki bendiň çökmegi sebäpli ýogalanlardan 35 adamyň şahsyýeti anykladyldy.

Heläkçilik sebäpli şäheriň ýaşaýjylaryndan 3 müň adam başga ýere göçürildi.

2015-nji ýylda 19 adamyň ýolgalmagyna sebäp bolan magdan heläkçiligi Braziliýadaky iň uly daşky gurşaw heläçiligi hökmünde bellige alnypdy.

 

 



Degişli Habarlar