Maduro ýurtdaky agdarlyşyk howpuna garşy halka ünsli bolmak barada çagyryş berdi

Maduro " Wenesuella parahatçylyk isleýär” diýdi

1132388
Maduro ýurtdaky agdarlyşyk howpuna garşy halka ünsli bolmak barada çagyryş berdi

Wenesuellanyň Prezidenti Nikolas Maduro ýurtdaky agdarlyşyk howpuna garşy halka ünsli bolmak we jebislikde hereket etmek barada çagyryş berdi.

Paýtagt Karasatda düýn geçirlen mitingden soň ABŞ bilen ähli diplomatik gatnaşyklaryň saklanandygyny we Amerikaly diplomatlara Wenesuellany terk etmekleri üçin 72 sagat möhlet berendiklerini aýdan Maduro, halkyna ýüzlenip çykyş etdi.

Ýurdunyň agdarlyşyk howpuna sezewar bolandygyny ýygy-ýygydan beýan eden Wenesuellanyň Prezidenti Nikolas Maduro, halkyndan ünsli bolmagyny isledi.

Maduro “Gahryman Wenesuellanyň halky bir tarapdan işlerine we okuwlaryna dowam edýärkä, beýleki tarapdan watanyň durnuklylygy üçin köçä çykmaklary we jebislikde hereket etmekleri üçin çagyryş berýärin. Wenesuella parahatçylyk isleýär” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar