Zarif ABŞ-ny garaýagyz raýatlaryň hukuklaryny äsgermezlik bilen günäkerledi

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarif resmi Waşingtony garaýagyz raýatlaryň hukuklaryna äsgermezçilik etmekde günäkärledi

Zarif ABŞ-ny garaýagyz raýatlaryň hukuklaryny äsgermezlik bilen günäkerledi

Zarif Twitter arkaly beren habarnamasynda ABŞ-da saklanan Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň alyp baryjysy, garaýagyz zenan žurnalist Marziýa Haşiminiň kazyýet diňlenşigindäki düşündirişi gutarýança boşadylmandyg üçin nägileligini beýan etdi.

Zarif habarnamasynda; “ABŞ-nyň hökümeti žurnalist zenan Marziýa Haşiminiň uly emin agzanyň öňünde düşündirişini tamamlaýança tussag edilmeginiň sebäbini düşündirmeli” diýip ýazdy.

Eýranyň döwlet teleýaýlymyna tabynlykly iňlis dilinde ýaýlym berýän “Press TW-niň” alyp baryjysy amerikaly garaýagyz zenan žurnalist Marziýa Haşimi geçen hepde hossarlaryny görmek üçin Missouri ştatynyň Saint Luis şäherinde saklanypdy.

“Press TW” žurnalistiň hossarlaryna esaslandyrýan habarynda Haşiminiň Merkezi razwedka gullugy tarapyndan Waşingtyndaky saklaýyş merkezine ugradylandygyny mälim edipdi. Habarda eýranly žurnalistiň saklanan mahaly çadyrasynyň basyş bilen aýrylmak islenendigi we saklaýyş merkezinde halal azyklardan mahrum edilendigi öňe sürülipdi.



Degişli Habarlar