Rus uçary zamun alynmaga synanşyldy

Uçar gyssagly Sibiriň Hanty-Mansiysk howa menziline gonmaly boldy

Rus uçary zamun alynmaga synanşyldy

 

Russiýanyň Surgut şäherinden Moskwa uçan uçar, ýaragly adamyň uçary zamun almaga synanşandygy sebäpli gyssagly gonmaly boldy.

Rus köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habara görä, ýaragly ýolagçy ýerli wagt bilen 14.55-de uçan we Surgut-Moskwa saparyny amala aşyrýan Aeroflot firmasyna degişli Su 1515 saparyny amala aşyrýan uçaryň Owganystana gitmegini isledi.

Moskwanyň Şeremetýewro howa menziline gonmaly uçar gyssagly Sibiriň Hanty-Mansiysk howa menziline gonmaly boldy.

Mesele hakynda rus howpsyzlyk güýçleri tarapyndan berlen beýanatda ýaragly ýolagçynyň tussag edilendigi nygtaldy.

Wakada ýolagçylardan ýada ekipaždan  ýogalanyň ýada ýaralananyň bolmandygy ýatladyldy

 



Degişli Habarlar