“Katar Liwanly doganlaryna goldaw bermäge dowam eder”

Katar Liwanda 500 million dollarlyk maýa goýar

“Katar Liwanly doganlaryna goldaw bermäge dowam eder”

 

Kataryň Daşary işler ministri Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani Liwanyň ykdysadyýetine goldaw bermek maksady bilen Liwanda 500 million dollarlyk maýa goýjakdyklaryny aýtdy.

Kataryň QNA habarlar gullugyna beýanat beren Al Sani Liwanda 500 million dollarlyk maýa goýmagy meýilleşdirýändiklerini belledi.

Liwanyň ykdysadyýetini güýçlendirmegi maksat edinýändiklerini aýdan Al Sani, “Katar Liwanly doganlarynyň başdan geçirýän kynçylyklarynyň ortadan aýrylmagy üçin olara goldaw bermäge dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar