Ruhani ýurtda internede girizilen çäklendirmeleri tankyt etdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani ýurtda internede girizilen çäklendirmäni ýazgaryp: “İnternedi çäklendirme goýup ýalňyşdyk” diýdi

1130030
Ruhani ýurtda internede girizilen çäklendirmeleri tankyt etdi

Paýtagt Tähranda Aragatnaşyk we maglumatlar tehnologiýalary ministri Muhammed Jawad Azeri Jehromi we ministrligiň ýolbaşçylary bilen duşuşan Ruhani, ýurtda internede goýulan çäklendirmeleri tankyt etdi.

Ruhani köp sanly sosial aragatnaşyk ulgamyna we internet saýtlaryna elýeterliligiň çäklendirilmegine garşylyk görkezen Ruhani; “Asmandan ygtyýar alyp, ýer ýüzündäkiler boýunça buýruk çykarmaga synanşýarys. Emma beýle zat ýok” diýdi.

Täze tehnologiýalarda köp sanly gowulyk bilen çäkli howplaryň hem bardygyny aýdan Ruhani, ösen tehnologiýanyň halkyň durmuşyndan çetleşdirilip bilinmejekdigini nygtap; “Halkyň umumy isleglerine garşy göreşmek nädogry, kanuna bap gelmeýär we legal däl. Halkyň ygtyýaryna garşy göreşilmeli däl. tehnologiýa we tazeliklere garşy durmak yzagalaklykdyr” diýdi.



Degişli Habarlar