Gyzyl deňizde aw awlamak 7 aý möhlet bilen gadagan edildi

Müsür biologik köpdürliligi goramak we balyklaryň köpelmegi üçin Gyzyldeňizde aw awlamagy 7 aý gadagan etdi

1129957
Gyzyl deňizde aw awlamak 7 aý möhlet bilen gadagan edildi

Döwlet gazeti “Ahbar Al Ýewme” beýanat beren Müsüriň Balyk hojalygy edarasynyň başlygy Eýmen Ammar 7 aý möhlet bilen Gyzyl deňizde aw awlamagy gadagan edendiklerini habar berdi.

Maksadyň Gyzyl deňizdäki biologik köpdürliligi goramak we köpelmekleri üçin balyklara şertler döretmekden ybaratdygyny beýan eden Ammar: “Kararyň ýurtdaky balyk nyrhlaryna ýaramaz täsiri bolmaz” diýdi.

Gyzyl deňizden tutulýan 60 müň tonna balygyň Müsüriň ýyllyk isleginiň 3 göterimini kanagatlandyrýandygyny nygtan Ammar, ýyllyk balyk isleginiň 1,8 million tonna barabardygyny we şonuň 300 müň tonnasynyň import edilýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar