Pakistan 5 ýylda 1,6 million dollarlyk saç eksport etdi

Hytaý, ABŞ- we Birleşen Arap Emirlikleri esasy orun eýeledi

Pakistan 5 ýylda 1,6 million dollarlyk saç eksport etdi

 

Pakistanyň Söwda, önümçilik we maýa goýum ministri Abdul Razak Dawud, Pakistanyň soňky 5 ýylda 1,6 million dollarlyk saç eksport edendigini mälim etdi.

Parlamentde halk deputatlaryna eksport görkezijileri barada maglumat beren Dawud, Pakistanyň soňky 5 ýylda 1,6 million dollarlyk saç eksport edendigini belledi.

Ministr Dawut saç eksportynda Hytaýyň, ABŞ-nyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň esasy orun eýeleýändigini belledi.

Hytaýa 105 kilogram saç satandyklaryny ýatladan Dawud, şol eksportdan 132 müň dollarlyk girdeji gazanandyklaryny nygtady.


Etiketkalar: Pakistan , eksport , saç

Degişli Habarlar