DAIŞ-e garşy döredilen halkara hyzmatdaş güýçleri Siriýada metjidi bombalady

DAIŞ-iň hüjüm guralmagy gadagan bolan binalary ulanmak bilen şol ýerleri bilkastlaýyn nyşana ýagdaýyna getirýändigi öňe sürüldi

DAIŞ-e garşy döredilen halkara hyzmatdaş güýçleri Siriýada metjidi bombalady

Terror guramasy DAIŞ-e garşy döredilen halkara hyzmatdaş güýçleri metjidi bombalady.

Siriýanyň Deýrizor welaýatynyň Şefafiýe etrapçasyndaky metjit, terror guramasy DAIŞ-e garşy döredilen halkara hyzmatdaş güýçleri tarapyndan bombalandy.

Mesele hakynda Halkara hyzmatdaş güýçleri tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, “2019-njy ýylyň 17-nji ýanwarynda Siriýanyň Şefafiýe etrapçasynda DAIŞ-iň metjitdäki serkerdelik merkezi, hyzmatdaş güýçleri tarapyndan bombalandy” diýildi.

Beýanatda DAIŞ-iň hüjüm guralmagy gadagan bolan binalary ulanmak bilen şol ýerleri bilkastlaýyn nyşana ýagdaýyna getirýändigi öňe sürüldi.

Hyzmatdaş güýçleriniň geçen aý Hejjin etrabynda bir metjidi we hassahanany nyşana alan hüjümlerinde bolsa asuda ilatdan onlarça adam ýogalypdy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar