Tramp Dawosa gitmeli Amerikan wekiliýetiniň saparyny bes etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçiriljek Bütindünýä Ykdysadyýet Forumyna gatnaşmagyna garaşylýan Amerikan wekiliýetiniň saparyny hökümetiň ýapyk bolmagy sebäpli bes etdi

Tramp Dawosa gitmeli Amerikan wekiliýetiniň saparyny bes etdi

Ak Tamyň Metbugat Sekretary Sarah Sanders mesele boýunça ýazmaça beýannama berdi.

Sanders beýannamasynda Trampyň federal hökümetiň ýapyk bolmagy sebäpli Dawosa gitmeli Amerikan wekiliýetiniň saparyny bes edendigini habar berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp geçen hepde Twitter arkaly beren habarnamasynda Dawosdaky foruma gatnaşmajakdygyny beýan edipdi.

Tramp: “Demokratlaryň serhet howpsyzlygy we halkymyzyň howpsyzlygynyň ähmiýeti boýunça ylalaşmaýandygy sebäpli Bütindünýä Ykdysadyýet Forumyna gatnaşmajakdygymy habar berýärin” diýip ýazypdy.

Bütindünýä Ykdysadyýet Forumy üstümizdäki aýyň 23-26-sy aralygynda Şweýsariýanyň Dawos etrapçasynda geçiriler.



Degişli Habarlar