Sudanda geçirlen ýörişlerde 2 adam ýogaldy

Atbera we Port Sudan şäherlerinde başlan ýöriş birnäçe welaýatda hökümete garşy protest ýörişlerine öwrülipdi

Sudanda geçirlen ýörişlerde 2 adam ýogaldy

Sudanyň paýtagty Hartumda hökümete garşy geçirlen ýörişlerde 2 adam ýogaldy, 8 adam ýaralandy.

Sudanyn Merkezi lukmanlar topary tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, paýtagt Hartumda hökümete garşy geçirlen protest ýörişinde Muhammed Ubeýdi atly çaga bilen bir lukman ýogaldy, 8 adam ýaralandy.

Sudanda 19-njy dekabrda hökümetiň çöregiň bahasyny gymmatlatmagy sebäpli Niliň kenaryndaky Atbera we Port Sudan şäherlerinde başlan ýöriş birnäçe welaýatda hökümete garşy protest ýörişlerine öwrülipdi

 


 

 

 



Degişli Habarlar