Makron Fransiýanyň Siriýadaky we Yrakdaky harby güýçleriniň işine dowam etjekdigini aýtdy

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Tuluza şäherindäki harby howa bazasynda esgerlere ýüzlenip çykyş etdi

Makron Fransiýanyň Siriýadaky we Yrakdaky harby güýçleriniň işine dowam etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň Siriýadaky goşunlaryny Siriýadan yza çekmeginiň özlerini terror guramasy DAİŞ-e garşy göreşmekden mahrum etmeli däldigini beýan eden Makron: “Fransiýa 2019-njy ýylda Lawant sebitinde, ýagny Siriýada we Yrakda işlerini dowam etdirer” diýdi.

Makron sosial media hasabyndan beren habarnamasynda ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan basylyp alynan Manbijde Amerikan esgerleriniň gözegçilik edýän mahaly guralan hüjümi ýazgardy.



Degişli Habarlar