Iki rus harby uçary heläkçilige uçrady

Deniziň üstünde tälim uçuşyny amala aşyrýan iki Su-34 kysymly bombardyman uçarynyň kakyşandygy nygtaldy

Iki rus harby uçary heläkçilige uçrady

 

Russiýanyň gündogarynda iki rus Su-34 kysymly harby uçar Ýapon deňizinde heläkçilige uçrady.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, Habarowsk welaýatynda kenardan 35 kilometr alysda deniziň üstünde tälim uçuşyny amala aşyrýan iki Su-34 kysymly bombardyman uçarynyň kakyşandygy nygtaldy.

Beýanatda dik uçarlaryň uçarmanlarynyň paraşutdan bökendikleri üçin halas bolandyklary bellenildi.

Russiýada öndürlen Su-34 kysymly bombardyman uçarynyň amatsyz howa şertlerinde howadaky we gury ýerdäki duşmanlary bombalamak üçin ýörite öndürlendigi bilinýär

 

 

 

 

 


Etiketkalar: heläkçilik , dikuçar , Russiýa

Degişli Habarlar